Londonyň merkezi Oraza aýy mynasybetli 4-nji gezek baýramçylyk yşyklary bilen bezeldi

  • 16.02.2026 10:09
  • 6.3k+

​Londonyň merkezindäki meşhur Kowentri köçesi musulmanlar üçin mukaddes Oraza aýy mynasybetli dördünji gezek ýörite yşyklandyryş bilen bezeldi. Yşyklandyryş ulgamy ýene-de Pikadilli-Serkusdan Lester-Skwere çenli bolan aralykda gurnaldy.

​Bu bezeg işlerini Londonyň häkimligi bilen bilelikde «Aziz» gaznasy gurady. Köçe geometrik yşyk nagyşlary bilen bezelip, ýolagçylaryň depesinde «Oraza baýramyňyz gutly bolsun!» diýen ýazgyly gurnama ýerleşdirildi.
​Baýramçylyk yşyklaryny ýakmak dabarasy Londonyň häkimi Sadyk Hanyň we «Aziz» gaznasynyň wekili Rahima Aziziň gatnaşmagynda geçdi.

«Dört ýyl ozal biz Londony günbatar dünýäsinde Oraza yşyklary bilen bezelen ilkinji şäher edip, taryhyň täze sahypasyny ýazdyk. Biz her ýyl ähli baýramlary şu ýerde, şäherimiziň hut ýüreginde belleýäris» — diýip, häkim belledi.

​Häkimiň aýtmagyna görä, Oraza aýy şol bir wagtyň özünde «ýatlama» diýmekligi hem aňladýar.
​Baýramçylyk yşyklary Kowentri köçesini 19-njy marta çenli ýagtylandyrar. Bezeg işleri üçin 31 müňe golaý ýagtylyk beriji diod (LED) lampalary ulanyldy. Yşyklar her gün sagat 17:00-dan 01:00-a çenli ýakylyp durar.
​Kowentri köçesi ilkinji gezek bu musulman baýramy mynasybetli 2023-nji ýylda bezelipdi.


19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......