Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler

  • 15.03.2026 09:34
  • 8.1k+

14-nji martda, Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler. Oňa ýurduň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ymamlary, şeýle-de hormatly il ýaşulular, eneler we ýaşlar gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda il bolup, agzybirlikde agzaçar sadakasyny bermegiň sogap işdigini aýdyp, aýat-töwirleriň okalýandygyny, beýik Biribardan ýagşy dilegleriň edilýändigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň doga-dilegleriniň, berýän sadakalarynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy barada özüniň ýagşy dileglerini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, ýurt ýolbaşçylarynyň berýän agzaçar sadakalarynyň beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Agzaçar wagtynyň gelmegi bilen sadaka gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi.

Agşam ýagşy doga-dilegleriň, aýat-töwiriň okalmagy bilen jemlendi. Agzaçar sadakasy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, döwürleri hem nesilleri baglanyşdyrýan milli däp-dessurlara ygrarlylygyň, türkmen halkynyň asyllylyk ýörelgeleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.


23.06.2026 19:04
7.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

06.06.2026 20:16
3.1k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....