Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi

  • 16.03.2026 23:40
  • 19k+

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny bellemek we Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu resminama halkyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklary gorap saklamak we ilatyň bu baýramlary dabaraly ýagdaýda belläp geçmegi hem-de oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.

Permana laýyklykda:

  • Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramy 2026-njy ýylyň 20-nji martynda belleniler.
  • Milli bahar baýramy mynasybetli, 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç güni 23-nji marta, duşenbe gününe geçirildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň raýatlary baýramçylyk günlerinde yzygiderli dört gün: 20, 21, 22 we 23-nji martda dynç alyp biler. Bu Perman eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurduň ähli edaralary, kärhanalary we guramalary üçin ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.


şu gün 01:36
1.9k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 14:06
6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

düýn 14:01
5.9k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
6.6k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....