Hyundai elektromobil batareýalaryna «ikinji ömri» berer. Kompaniýa gaýtadan işlemek ýoluny saýlaýar

  • 14.03.2026 11:41
  • 1.4k+

Hyundai Motor Group kompaniýasy Indoneziýada elektromobil akkumulýatorlarynyň aýlawly ykdysadyýet ulgamyny döretmek barada Zhejiang Huayou Recycling Technology kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Degişli Ähtnama 12-nji martda kompaniýanyň Seuldaky ştab-kwartirasynda gol çekildi.

Bu taslama elektromobil batareýalarynyň önümçiliginde we ulanylyşynda emele gelýän materiallary gaýtadan işlemäge gönükdirilendir. Hususan-da, taraplar akkumulýator elementleri ýasalan wagty ýüze çykýan önümçilik galyndylaryny — «skrap» diýlip atlandyrylýan bölekleri gaýtadan işlemegi meýilleşdirýär.

Ylalaşygyň çäginde Hyundai we LG Energy Solution kompaniýalarynyň Indoneziýadaky HLI Green Power bilelikdäki kärhanasynda emele gelýän galyndylar ýygnalar we gaýtadan işlemäge ugradylar. Huayou Recycling kompaniýasynyň ýerli önümçilik desgalarynda olardan «gara massa» — täze akkumulýatorlary öndürmek üçin ulanylýan gymmat bahaly metallary özünde saklaýan material alnar.

Gaýtadan işleme döwründe batareýalar ilki bilen deslapky işleme tapgyryndan geçýär — gara massany almak üçin olar böleklere bölünýär we owradylýar. Soňra ondan täze akkumulýator materiallarynyň önümçiliginde ulanylýan esasy minerallar alynýar.

Kompaniýalar hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredýär. Geljekde bu hyzmatdaşlyk möhleti tamamlanan batareýalary gaýtadan işlemegi, şeýle hem akkumulýatorlary gaýtadan ulanmagyň doly zynjyryny döretmegi öz içine alyp biler.

Şeýle tehnologiýalaryň ösdürilmegi elektromobil senagaty üçin möhüm tapgyra öwrülýär, sebäbi şäher elektromobilleri we beýleki elektrik modeller batareýalar üçin durnukly çig mal çeşmelerini talap edýär. Hyundai täze çemeleşmäniň kompaniýanyň durnukly ösüş boýunça uzak möhletli strategiýasynyň bir bölegi boljakdygyny belleýär.


08.05.2026 16:04
4k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....

06.05.2026 01:36
3.9k+

Täze Elantra N 2027 täze hereketlendiriji bilen Nýurburgringde synagdan geçirilýär

Hyundai N sport setiri üçin täze hereketlendirijini Nýurburgringde synagdan geçirýär. Elantra N1 RP-iň prototipi güýç gurluşynyň ygtybarlylygy synagdan geçirilýän “Nýurburgringiň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşýar....

29.04.2026 11:53
4k+

Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar......

31.03.2026 22:22
5.2k+

Hyundai geljekki täze önüminiň geň tizerini görkezdi: onda daş howada gaýyp dur

Hyundai kompaniýasy «uly bir zadyň gelýändigini» habar berýän tizer suratlaryny çap etdi, bu bolsa ähtimal täze modeliň ýakyn wagtda boljak tanyşdyrylyşyna yşarat edýär. Suratlaryň özünde awtoulag ýok — diňe......