WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer

  • 14.03.2026 16:02
  • 1.6k+

WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi.

«DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi.

Çaganyň hasaby sazlanandan soň, ol ene-atasynyň ýa-da hossarynyň gözegçiligi astynda bolar. Kompaniýanyň beýanatynda bellenilişi ýaly, olar bu ulanyja kimleriň habar ibermäge hukugynyň bardygyny we onuň haýsy toparlara goşulyp biljekdigini çözüp bilerler.

Şeýle-de, ene-atalar nätanyş kontaktlardan gelýän habar sargytlaryna göz aýlap bilerler we çaganyň hasabynyň gizlinlik sazlamalaryny dolandyrarlar.

Mundan ozal, Awstraliýada çagalaryň we ýetginjekleriň ruhy saglygy baradaky aladalar sebäpli, olara jemgyýetçilik torlaryndan peýdalanmagyň gadagan edilendigi mälim edilipdi. Başga-da birnäçe ýurtda şuňa meňzeş çäreleri girizmek barada çekişmeler dowam edýär.


şu gün 09:32
364

WhatsApp-da okalandan soň ýitip gidýän hatlar synag edilýär

WhatsApp messenjerinde alnan hatlaryň okalanyndan soň awtomatiki ýagdaýda ýitip gitmegine mümkinçilik berýän täze funksiýa synag edilýär....

28.01.2026 10:44
2.7k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...

13.12.2025 17:29
3.6k+

WhatsApp-da jaňa jogap berilmedik ýagdaýynda ses ýa-da wideo habaryny galdyryp bolýar

WhatsApp messenjeri aragatnaşygy ýönekeýleşdirýän we media mümkinçiliklerini gowulandyrýan birnäçe funksiýalaryň goşulandygyny habar berdi. Esasy täzelik müşderi jaňa jogap bermedik ýagdaýynda ses ýa-da wideo habaryny galdyrmak mümkinçiligi boldy...

26.09.2025 21:21
5.4k+

WhatsApp-da mugt habarnama terjimeçisi peýda boldy

WhatsApp messenjeri habarnama terjime etmek üçin täze funksiýanyň işe girizilendigini mälim etdi. Indi ulanyjylar teksti saýlanan dile gönüden-göni programmada terjime edip bilerler, bu bolsa doly mugt bolar. Funksiýa iPhone we Android ulanyjylaryna elýeterli ediler...