WhatsApp-da mugt habarnama terjimeçisi peýda boldy

  • 26.09.2025 21:21
  • 5.5k+

WhatsApp messenjeri habarnama terjime etmek üçin täze funksiýanyň işe girizilendigini mälim etdi. Indi ulanyjylar teksti saýlanan dile gönüden-göni programmada terjime edip bilerler, bu bolsa doly mugt bolar. Funksiýa iPhone we Android ulanyjylaryna elýeterli ediler.

Täze guraldan peýdalanmak üçin habara uzak basmaly we «Terjime et» düwmesini saýlamaly. Ondan soň tekstiň haýsy dile terjime edilmelidigini saýlap bolýar. Terjime aýratyn söhbetdeşliklerde, toparlarda we kanallarda işleýär. Android ulanyjylary goşmaça ähli çatlar üçin awtomatik terjimäni açyp bilerler, şonda täze habarlar göni gerekli dilde görkeziler.
Android üçin başlangyçda iňlis, ispan, hindi, portugal, rus we arap dillerinden terjime elýeterli. iPhone ulanyjylary bolsa 19-dan gowrak dile terjime etmek mümkinçiliklerine eýe bolarlar. Kompaniýanyň bellemegine görä, dilleriň sanawy yzygiderli giňeldiler.
Şol bir wagtyň özünde bu funksiýa hakyky wagt tertibinde işlemýär.
Şunuň ýaly mümkinçilikleri ozal başga hyzmatlar hem hödürläpdi. Mysal üçin, takmynan on ýyl ozal Google Android ulgamlarynda «Basma bilen terjime» funksiýasyny görkezmek üçin WhatsApp-dan peýdalanypdy.


23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

21.05.2026 09:32
1.5k+

WhatsApp-da okalandan soň ýitip gidýän hatlar synag edilýär

WhatsApp messenjerinde alnan hatlaryň okalanyndan soň awtomatiki ýagdaýda ýitip gitmegine mümkinçilik berýän täze funksiýa synag edilýär....

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......