WhatsApp-da okalandan soň ýitip gidýän hatlar synag edilýär

  • şu gün 09:32
  • 239

WhatsApp messenjerinde alnan hatlaryň okalanyndan soň awtomatiki ýagdaýda ýitip gitmegine mümkinçilik berýän täze funksiýa synag edilýär.

«WABetaInfo» neşiriniň habar bermegine görä, bu täze funksiýa «TestFlight» platformasyndaky goşundynyň iň soňky beta-wersiýasynda peýda boldy. Ulanyjylar ýitip gidýän hatlaryň taýmerini sazlan wagtlary «Okalandan soň» režimini saýlap bilerler.

Funksiýanyň düşündirişine görä, okalman galan hatlar 24 sagatdan soň awtomatiki ýagdaýda pozular. Hat okalanyndan soň bolsa, ulanyjy ýitip gitmek üçin goşmaça wagt aralygyny — 5 minut, 1 sagat ýa-da 12 sagat edip belläp biler.

Häzirki wagtda WhatsApp-da 24 sagat, 7 gün ýa-da 90 günden pozulýan wagtlaýyn hatlar eýýäm elýeterlidir. Täze režim häzirki bar bolan gizlinlik sazlamalaryny has-da giňeldýär.

«WABetaInfo-nyň» maglumatlaryna görä, funksiýa häzirlikçe beta-synagçylaryň bir bölegine elýeterlidir. Käbir ulanyjylar synaga «App Store» arkaly goşundynyň wersiýasy bilen hem girip bildiler.

WhatsApp-da ýitip gidýän hatlary hem aýratyn çatlar üçin, hem-de ähli täze gepleşikler üçin öňünden bellenen tertipde işjeňleşdirip boljakdygy düşündirildi. Bu funksiýanyň gizlinligi ýokarlandyrmaga we enjamda eýeleýän ýadyň göwrümini azaltmaga kömek etmegine garaşylýar.


14.03.2026 16:02
1.6k+

WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer

WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi. «DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi...

28.01.2026 10:44
2.7k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...

13.12.2025 17:29
3.6k+

WhatsApp-da jaňa jogap berilmedik ýagdaýynda ses ýa-da wideo habaryny galdyryp bolýar

WhatsApp messenjeri aragatnaşygy ýönekeýleşdirýän we media mümkinçiliklerini gowulandyrýan birnäçe funksiýalaryň goşulandygyny habar berdi. Esasy täzelik müşderi jaňa jogap bermedik ýagdaýynda ses ýa-da wideo habaryny galdyrmak mümkinçiligi boldy...

26.09.2025 21:21
5.4k+

WhatsApp-da mugt habarnama terjimeçisi peýda boldy

WhatsApp messenjeri habarnama terjime etmek üçin täze funksiýanyň işe girizilendigini mälim etdi. Indi ulanyjylar teksti saýlanan dile gönüden-göni programmada terjime edip bilerler, bu bolsa doly mugt bolar. Funksiýa iPhone we Android ulanyjylaryna elýeterli ediler...