WhatsApp-da jaňa jogap berilmedik ýagdaýynda ses ýa-da wideo habaryny galdyryp bolýar

  • 13.12.2025 17:29
  • 3.6k+

WhatsApp messenjeri aragatnaşygy ýönekeýleşdirýän we media mümkinçiliklerini gowulandyrýan birnäçe funksiýalaryň goşulandygyny habar berdi.

Esasy täzelik müşderi jaňa jogap bermedik ýagdaýynda ses ýa-da wideo habaryny galdyrmak mümkinçiligi boldy. Bu funksiýa adaty ses poçtasyny çalşyp, jaňdan soň aragatnaşygy has çeýe etmäge gönükdirilýär.
Messenjeriň topary başga-da birnäçe üýtgeşmeleri hödürledi. Audio-çatlarda indi ulanyjylara gürrüňiň arasyny bölmän, duýgularyny bildirmäge mümkinçilik berýän reaksiýalar elýeterli boldy. Wideo-jaňlarda gürleýän adam awtomatik taýdan tapawutlandyrylýar, bu hem maglumatyň kabul edilmegini ýeňilleşdirýär.
Surat döretmek mümkinçiligi-de kämilleşdirildi. Indi ol Midjourney we Flux AI modelleriniň esasynda ýerine ýetirilýär, bu bolsa çatlarda we statuslarda ulanmak üçin ýokary hilli suratlary döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, ulanyjylar öz suratlaryny janlandyryp, olary gysga wideolara öwürmek mümkinçiligini aldy.
Programmanyň web-wersiýasy, şeýle-de macOS we Windows müşderileri üçin aýratyn mediafaýl bölümi peýda boldy. Ol resminamalara, salgylanmalara we beýleki media maglumatlaryna çalt elýeterli bolmaga kömek edýär. Salgylanmalary öňünden görmek hem kämilleşdirildi – indi uzyn URL salgylary çat penjiresinde köp ýer tutmaýar.
Statusa täze, interaktiw stikerler goşuldy. Mundan başga-da, kanallarda administratorlara netijeli aragatnaşygy saklamak üçin auditoriýa sorag bermäge mümkinçilik berýän funksiýa peýda boldy.
Funksiýalar iOS, Android, macOS, Windows platformalaryna we web-wersiýa tapgyrlaýyn goşulýar.


21.05.2026 09:32
1.5k+

WhatsApp-da okalandan soň ýitip gidýän hatlar synag edilýär

WhatsApp messenjerinde alnan hatlaryň okalanyndan soň awtomatiki ýagdaýda ýitip gitmegine mümkinçilik berýän täze funksiýa synag edilýär....

14.03.2026 16:02
1.6k+

WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer

WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi. «DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi...

28.01.2026 10:44
2.7k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...

26.09.2025 21:21
5.5k+

WhatsApp-da mugt habarnama terjimeçisi peýda boldy

WhatsApp messenjeri habarnama terjime etmek üçin täze funksiýanyň işe girizilendigini mälim etdi. Indi ulanyjylar teksti saýlanan dile gönüden-göni programmada terjime edip bilerler, bu bolsa doly mugt bolar. Funksiýa iPhone we Android ulanyjylaryna elýeterli ediler...