Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

  • 28.01.2026 10:44
  • 2.7k+

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady.

​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly. WhatsApp-yň "şifrlemesini" nähili amala aşyrýandygyny seljerip, biz köp sanly hüjüm wektorlaryny tapdyk» diýip, Pawel Durow X sosial  ulgamynda ýazdy.

​Ol mundan ozal hem bu hyzmatyň gowşak taraplaryny belläp geçip, bu barada duýdurypdy: olardan peýdalanyp, jenaýatçylar ulanyjylaryň telefonlaryndaky maglumatlara doly elýeterlilik alyp bilerler. Durowyň aýtmagyna görä, howpsuzlyk meseleleri 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli aralykda hasaba alyndy, 2016-njy ýyla çenli bolsa WhatsApp-da maglumatlaryň şifrlemesi aslynda ýokdy.
Şuňa meňzeş pikiri Ilon Mask hem öňe sürüpdi. Ol, ulanyjylaryň hat ýazyşmalarynda ara alyp maslahatlaşan zatlary bilen bagly mahabatlary näme üçin görýändikleri baradaky soraglara jogap berende, hyzmatyň howpsuz däldigini aýdypdy.
​Ýakynda awstriýaly barlagçylar WhatsApp-yň 3,5 milliard ulanyjysynyň telefon belgilerini alyp bilendiklerini habar berdiler. Olaryň 57%-inde profil suratlary, 29%-inde bolsa profildäki tekstler hem elýeterli bolup çykdy. Işiň birinji sagadynda takmynan 100 million belgi alyndy. Barlagçylar, eger bu gowşaklyk hyýanatçylykly ulanylsa, taryhdaky iň uly maglumat syzmasynyň bolup biljekdigine ynanýarlar.


düýn 10:43
3.3k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

14.03.2026 16:02
1.5k+

WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer

WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi. «DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi...

04.03.2026 12:15
1.1k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
775

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...