Hytaý 2030-njy ýyla çenli 6G aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär

  • 14.03.2026 16:44
  • 2.5k+

Hytaý halkara standartlary tassyklanylandan soň, 2030-njy ýyla çenli altynjy nesil (6G) aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Yicai neşiri pudak hünärmenleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär.

China Mobile Communications Group kompaniýasynyň baş hünärmeni Tun Eniň bellemegine görä, 6G ulgamlary esasy üç sany ugurda ösdüriler. Bulara aragatnaşygyň we sensorlaryň utgaşdyrylmagy, emeli aňyň aragatnaşyk torlaryna ornaşdyrylmagy hem-de älem, howa we ýerüsti ulgamlaryň bitewi bir tora öwrülmegi degişlidir. Bu täzelikler telekommunikasiýa ulgamlaryny diňe bir maglumat geçiriji däl-de, eýsem dürli sanly hyzmatlary hödürleýän kuwwatly platforma öwrer.

Täze tehnologiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy maglumat geçiriş tizligini düýpli ýokarlandyrmaga, bökdençlikleri peseltmäge we ulgama birigýän enjamlaryň sanyny köpeltmäge şert döreder. Şeýle-de, ulanyjylar üçin şahsy torda has giň mümkinçilikli hyzmatlary hödürlär.

Belläp geçsek, Hytaýda 6G standartlary boýunça ylmy-barlag işlerine eýýäm 2018-nji ýylda badalga berlipdi. Bu ugurdaky ilkinji resmi taslama bolsa 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ýola goýuldy.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......