Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

  • 15.03.2026 09:38
  • 8.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi.

«Sizi musulman dünýäsinde iň mukaddes hem-de ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent däplerini dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly ösüşlere, üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu mübärek gijäniň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, eziz Watanymyza bolan söýgimizi, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn».

Döwlet Baştutany öz gutlagynda halkyň köpasyrlyk taryhyndan gözbaş alýan halallyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly ruhy gymmatlyklaryň Oraza aýynda we Gadyr gijesinde has-da rowaçlanýandygyny aýtdy. Gutlagda bellenilişi ýaly, türkmen halky Gadyr gijesine mukaddesligiň, bereketliligiň we sahawatlylygyň gijesi hökmünde aýratyn sarpa goýýar.

Şeýle hem, döwlet baştutany bu mukaddes gijäniň hatyrasyna we pederleriň rehimdarlyk ýörelgelerine eýerilip, iş kesilenleriň günäsiniň geçilýändigini aýtdy. Bu ynsanperwer ädim jemgyýetiň we her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Prezident Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň hem milli gymmatlyklar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtady: «Biziň syýasatymyz jemgyýetimiziň milli gymmatlyklarymyz esasynda kämilleşdirilmegine, parahatçylyk söýüjilik, dostluk taglymatlarymyzyň dabaralandyrylmagyna, adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek ugrundaky ählumumy wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir».

Döwlet Baştutany halkyň edýän doga-dilegleriniň kabul bolmagyny arzuw edip, «Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edýän tagat-ybadatlaryňyz, berýän agzaçar sadakalaryňyz, Garaşsyz Diýarymyzyň berkararlygy, rowaçlygy, milli agzybirligimiz, rysgal-berekedimiz üçin edýän doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!» diýen sözler bilen öz gutlagyny jemledi.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......