Synaglar Samsung Galaxy S26 Ultra-daky ownuk çyzyklaryň asla görünmeýändigini görkezdi

  • 14.03.2026 11:57
  • 6.5k+

Meşhur bloger JerryRigEverything täze wideosynda Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň çydamlylyk synaglaryny çykardy. Ol mundan ozal enjamyň içki gurluşyny görkezipdi, indi bolsa durnuklylyk boýunça standart testleri geçirdi.

Blogeriň aýtmagyna görä, ekranyň gorag aýnasynyň berkligi häzirki zaman smartfonlarynyň köpüsi bilen deň derejededir. Ol Moos şkalasy boýunça gatylygy 6-a deň bolan materiallar bilen çyzylyp başlanýar. Emma, Galaxy S26 Ultra-nyň ekranynda beýle çyzyklar adatdakysyndan has az görünýär.

Çaklamalara görä, bu ýagdaý aýnanyň hili bilen däl-de, eýsem Privacy Display tehnologiýasynyň döredýän ekrandaky şöhlelenmeleriň aýratynlygy bilen bagly bolup biler. Netijede, displeýdäki ownuk zeperlenmeler has az göze ilýär.

Enjam beýleki synaglardan bökdençsiz geçdi. Maýyşkaklyk (eplenme) synagynda korpus aşa berklik görkezdi.

Bloger şeýle-de kamera modullarynyň töweregindäki bezeg halkalarynyň aňsatlyk bilen aýrylyp bilinjekdigini belledi, emma adaty ulanyş wagtynda munuň uly mesele döredip durasy ýok.


23.05.2026 10:37
4.3k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

15.05.2026 15:33
1.6k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....