Türkmen heýkeltaraşy Babasary Annamyradowyň we Abat Muhadowanyň şahsy kolleksiýasy görkezildi

  • 14.03.2026 15:24
  • 7.7k+

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň we onuň ýanýoldaşy, sungaty öwreniji Abat Muhadowanyň maşgala kolleksiýasyndan ybarat sungat eserleriniň sergisi geçirildi. Tomaşaçylara maşgalanyň köp ýyllaryň dowamynda toplan 500-e golaý eseri — heykeller, nakgaşlyk we grafika işleri, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi.

Kolleksiýanyň ilkinji eseri suratkeş Olga Mizgirýowanyň 1920-nji ýyllarda döreden grafiki suratydyr. Serginiň esasy mazmunyny bolsa Nikolaý Ýerşowyň çeken, Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowanyň ýaşlyk ýyllaryny şekillendirýän «Maşgala» atly eseri açyp görkezýär.

Eskpozisiýanyň ep-esli bölegini Babasary Annamyradowyň agaçdan, bürünçden we mermerden ýasan 50-ä golaý heýkeli düzýär. Olaryň arasynda Adam ata hem How ene baradaky rowaýaty ýatladýan uly almaly kompozisiýa aýratyn ünsi çekýär. Şeýle hem «Görogly» eposyndaky mekir kempiriň agaçdan ýonulan heýkeli we üç zenany şekillendirýän, metaldan ýasalan «Tolkunlaryň üstünde ylgap barýanlar» atly eseri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergide milli nakgaşlyk mekdebiniň görnükli wekilleriniň — Yzzat Gylyjowyň, Durdy Baýramowyň, Tokar Tugurowyň, Stanislaw Babikowyň, Wladimir Pawloskiniň, Nikolaý Çerwýakowyň, doganlar Aman we Çary Amangeldiýewleriň, Şajan Akmuhammedowyň, Annadurdy Myradalyýewiň, Kossek Nurmyradowyň, Rahman Umarowyň, Nurgeldi Beknazarowyň, Azat Jumanyýazowyň we beýleki meşhur ussatlaryň eserleri ýerleşdirildi.

Serginiň aýratyn bir bölümi maşgalanyň ýakyn dosty, Türkmenistanyň halk suratkeşi, merhum heýkeltaraş Ýedi Medetowa bagyşlandy. Bu ýerde onuň şahsy işleri bilen bir hatarda, Begenç Annamyradowyň döreden «Medetowyň portreti» atly surat eseri görkezildi. Şeýle hem Medetowyň agaçdan ýonup ýasan, Ernest Hemingueýiň meşhur powesti esasynda döredilen «Goja we deňiz» atly heýkeli serginiň iň täsirli eksponatlarynyň biri boldy.

Serginiň ünsüňi egleýän gymmatly eserleriniň arasynda Eýnşteýniň, Napoleonyň we Mikelanjelonyň heýkelleri hem bar.


şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 16:49
3.2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......