Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

  • 26.05.2026 19:02
  • 7.5k+

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi.

Bu bäsleşige 10 ýurtdan jemi 56 küştçi gatnaşdy. Ýaryş Özbegistanda bilimiň ösmegine uly goşant goşan görnükli mugallym we halypa Ismat Şukurowyň hatyrasyna bagyşlandy.

Oýunlar adaty wagt gözegçiligi bilen nusgawy şweýsar ulgamy boýunça jemi dokuz tapgyrda geçirildi.

Ýaryşyň netijelerine görä, birbada üç gatnaşyjy mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplamagy başardy. Ýaryşyň ýeňijisi FIDE reýtingi 2507 bolan ukrainaly Witaliý Bernadskiý boldy. Ikinji orny bolsa 2454 reýtingli Özbegistanyň wekili Saýdakbar Saýdaliýew eýeledi.

Reýtingi 2471 bolan Saparmyrat Atabaýew goşmaça görkezijiler boýunça baýrakly ilkinji üçlügi jemledi. Türkmen küştçüsi üçin iň soňky — dokuzynjy tapgyr aýgytlaýjy boldy. Atabaýew şol wagt ýaryşda öňde barýan ysraýylly grossmeýster Ýewgeniý Alekseýewe garşy gara mallar bilen oýnap ýeňiş gazandy, bu hem oňa baýrakly üçlüge girmäge mümkinçilik berdi.

Türkmen türgeni üçünji ýeri eýeländigi üçin 30 million özbek sumy (takmynan, 2500 ABŞ dollary) möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň ýene bir wekili, grossmeýster Ýusup Atabaýew bolsa 6 utuk toplap, ýaryşda sekizinji orny eýeledi.

Saparmyrat Atabaýew Türkmenistanyň iň öňdebaryjy küştçüleriniň biridir. Ol 2024-nji ýylda Türkiýede geçirilen «Ak pil» ýaryşynyň ýeňijisi bolupdy, 2025-nji ýylda bolsa Daşkentde UzChess Cup Futures ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol milli ýygyndy toparyň düzüminde Budapeştde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda «B» kategoriýasy boýunça altyn medal aldy.


düýn 22:10
1.3k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
1.7k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
6.5k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
691

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......