Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

  • 27.05.2026 18:14
  • 4.4k+

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ynsanperwerligiň, dostlugyň we parahatçylyk söýüjiligiň ýörelgelerini berkitmäge hyzmat edýän, türkmen halkynyň ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, şeýle hem jemgyýetde agzybirligi, özara hormat goýmagy we ruhy bitewüligi özünde jemleýän Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Ynsanyýetiň ählumumy medeni mirasynyň gymmatly bölegine öwrülen Gurban baýramy türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsiniň, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň we ynanç-ygtykatlarynyň belent dabaralanmasydyr. Ynsanperwerlik, dostluk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini rowaçlandyrýan bu mukaddes baýram halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär hem-de jemgyýetimizde agzybirligi, özara hormat-sylagy, ruhy bitewüligi has-da pugtalandyrýar” diýip, gutlagda beýan edilýär.

Baýramçylyk günlerinde ýurduň ähli künjeklerinde aýdym-sazly dabaralar we medeni çäreler geçirilýär. Her bir maşgala Gurban baýramy mynasybetli sadaka berýär we ýurduň parahatçylygy, abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin doga-dilegler edýär.

Döwlet Baştutany türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramyny şu ýylyň 27-28-29-njy maýynda bellemek hakyndaky Permana gol çekipdi.


düýn 11:24
5.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.9k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

15.06.2026 15:47
9.8k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....