Reýunýon adasyndaky wulkan oýanyp, ýolundaky ähli zady ýoklamaga başlady

  • 15.03.2026 16:30
  • 8.5k+

Hindi ummanyndaky fransuz adasy Reýunýonda dünýäniň iň güýçli wulkanlarynyň biri — Piton-de-la-Furnez oýandy. Bu tebigy hadysa barada Shot Telegram-kanaly habar berýär.

Paýlaşylan wideoşekillerde lawanyň äpet çogdumyny we kilometrlere uzaýan gyzgyn akymlaryny görmek bolýar.

Gyzgyn lawa akymlary uly awtomobil ýolunyň üstünden geçip, trassany böwetledi we ulag gatnawyny doly togtatdy.

Eger-de lawanyň ýokary tizlikli hereketi ýakyn wagtda togtamasa, onuň ummanyň kenaryna çenli baryp ýetmegine garaşylýar. Şeýlelikde bu ýagdaý soňky 20 ýylyň içinde görülmedik seýrek waka bolar.

Piton-de-la-Furnez planetamyzyň iň howply we işjeň wulkanlarynyň biri hasaplanylýar. Ol häzir birnäçe ýyllyk dymyşlykdan soň, güýçli depginde oýanyp, öz ýolundaky ähli zady ýok edip başlady.

Şol bir wagtda Russiýanyň Kamçatka ýarym adasyndaky iň uly wulkanlaryň biri bolan Şiweluç hem öz güýjüni görkezdi. Wulkanyň deňiz derejesinden 8 kilometr belentlige pürken külüniň uzynlygy gündogarlygyna 10 kilometre ýetdi.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......