Braýl elipbiýi bilen üpjün edilen Tesla Cybercab-y kör adamlar hem sürüp biler

  • 14.03.2026 12:28
  • 3.8k+

Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz dolandyrylýan Cybercab awtomobillerinde görüjilik ukyby peselen ýa-da doly ýitiren adamlar üçin Braýl elipbiýindäki ýazgylar bolar. Bu barada robotaksi taslamasynyň baş inženeri habar berdi.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, taktil (el bilen syzylýan) ýazgylar gapylary açýan içerki tutawaçlarda we duýduryş çyrasynyň düwmesinde ýerleşdiriler. Bu düwme, şol bir wagtyň özünde, ulagy gyssagly saklamak wezipesini hem ýerine ýetirýär.

Mundan ozal kompaniýa Cybercab-yň göwrüminiň kiçidigine garamazdan, beýleki Tesla modellerinden has giň aýak goýulýan ýeriniň bardygyny mälim edipdi.

Dron operatory Jo Tegtmaýer tarapyndan Tesla kärhanasynyň çäginde düşürilen täze wideolarda sürüjisiz taksiniň kameralaryny arassalaýyş ulgamynyň işleýşi görkezilýär. Şeýle-de, Giga Texas poligonynda dolandyryş ruly we gapdal yzy görkezýän aýnalary bolmadyk birnäçe Cybercab ulaglary-da göründi. Bu awtomobilleriň häzirki wagtda kraş-testlere (çaknyşyk synaglaryna) taýýarlanylýandygy aýdylýar.

Tesla täze ulagyny 2026-njy ýylyň ahyryna çenli satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Deslapky çaklamalara görä, täze modeliň bahasy 30 müň dollardan arzan bolar.


13.05.2026 23:24
2.5k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.4k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....