Alymlar Aýda nohut ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler

  • 15.03.2026 14:07
  • 2.4k+

Ostindäki Tehas uniwersitetiniň we Tehas A&M uniwersitetiniň hünärmenleri Aýda guruljak geljekki bazalarda nohut ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler. Geçirilen tejribeleriň dowamynda olara Aýyň topragynyň nusgasynda — regolitde bu ösümligi ösdürip ýetişdirmek we hasyl almak başartdy.

Aýyň ýüzi minerallary saklaýan, ýöne ösümlikleriň ösmegi üçin zerur bolan organiki maddalary we mikroorganizmleri bolmadyk ownuk tozan gatlagy bilen örtülendir. Mundan başga-da, regolitiň düzüminde ösümliklere we adamlara zyýan ýetirip biljek agyr metallar bar.

Ylmy tejribe üçin alymlar «Apollon» missiýalary tarapyndan Ýere getirilen nusgalaryň esasynda «Exolith Labs» kompaniýasy tarapyndan döredilen emeli regoliti ulandylar. Ony gyzyl Kaliforniýa gurçuklarynyň organiki galyndylary gaýtadan işlemesi netijesinde emele gelýän ýokumly massa — werimkompost bilen garyşdyrdylar.

Nohut tohumlary ekilmezden ozal mikoriza kömelekleri bilen işlenildi. Bu kömelekler ösümliklere ýokumly maddalary özleşdirmäge kömek edýär we agyr metallaryň siňdirilmegini azaldýar. Ösümlikler 75%-e çenli emeli regolitden ybarat bolan garyndyda ösmegi başardylar. Topragyň möçberi mundan ýokary bolan ýagdaýynda, ösümlikler hasyl berip ýetişmän guradylar.

Alymlar indi ösümlikleriň düzüminde näçe mukdarda agyr metallaryň toplanýandygyny we bu nohutlary astronawtlaryň iýmiti hökmünde ulanyp boljakdygyny anyklamaly bolarlar.


şu gün 06:42
2k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

düýn 10:55
1.4k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......