Gazagystanly mugallym iki barmakda asylyp durmak boýunça rekord goýdy

  • 14.03.2026 12:47
  • 8.4k+

Gazagystanyň Petropawlowsk şäherinden bedenterbiýe mugallymy Anatoliý Wiselskiý diňe iki barmagynda 2 minut 7,45 sekunt asylyp durmak arkaly dünýä rekordyny täzeledi. Tengri Sport neşiriniň habar bermegine görä, bu ajaýyp netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Wiselskiý bu görkeziji bilen öňki rekordyň eýesi, italiýaly Marçello Ferriden 6 sekunt öňe geçmegi başardy (Ferriniň netijesi 2 minut 1 sekuntdy).

Rekordyň goýlanyna eýýäm alty aý çemesi wagt geçse-de, mugallym resmi sertifikatyny ýakynda aldy. Wiselskiý onuň sebäbini: «Eger sertifikaty 10 günüň içinde aljak bolsaň 500 ýewro, ýörite komissiýanyň gelmegini isleseň 11 müň ýewro tölemeli. Şonuň üçin garaşmaly boldy» diýip düşündirýär.

Anatoliý Wiselskiý ýaşaýan şäherindäki mekdepleriň birinde bedenterbiýe mugallymy bolup işleýär we çagalygyndan futbol, basketbol we woleýbol oýnamak bilen meşgullanýar, şeýle hem sport zallarynda yzygiderli türgenleşýär.

Ol internetde barmakda asylyp durmak we özüňi çekmek boýunça rekordlary görüp, muny özüniň hem başarjakdygyna göz ýetiripdir. Onuň indiki maksady iki we dört barmakda özüňi çekmek, şeýle hem bir-iki sagatlap adaty usulda özüňi çekip, täze rekordlary goýmakdyr. 

Mugallymyň aýtmagyna görä, bu dünýä rekordy oňa maddy taýdan girdeji getirmeýär. Ol häzir hem adaty mugallymyň aýlygyna ýaşaýar. Emma Anatoliý gazanan bu meşhurlygynyň geljekde şowlulygyň täze gapylaryny açjakdygyna ynanýar.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....