Täze BMW iX3 satuw rekordyny goýup, Wengriýadaky zawody iki çalşykda işlemäge mejbur etdi

  • 15.03.2026 19:59
  • 4.2k+

Täze BMW iX3 elektrokrossowerine bolan ýokary isleg BMW kompaniýasyny önümçilik meýilnamalaryna üýtgeşme girizmäge mejbur etdi. «BMW Blog» neşiriniň berýän maglumatyna görä, konserniň ýolbaşçylygy Wengriýanyň Debresen şäherindäki zawodynda möhletinden öň ikinji iş çalşygyny girizdi.

Kompaniýanyň wezipesinden gidýän baş direktory Oliwer Sipse, geçen ýylyň sentýabr aýynda model tanyşdyrylan gününden bäri, brendiň Ýewropadaky ähli elektrik awtoulag sargytlarynyň takmynan üçden bir böleginiň hut şu iX3-üň paýyna düşýändigini mälim etdi. Alyjylaryň nobaty eýýäm takmynan bir ýyl öňünden doldy. Kärhana doly kuwwatyna eýe bolandan soň, zawodda ýylda 150 müňe çenli awtoulag öndürip biler.

Häzirki wagtda Wengriýadaky kärhana diňe standart teker binýatly (NA5) iX3 wersiýasyny öndürýär. Geljekde önümçilik has-da giňeler. Uzaldylan binýatly (NA6) wersiýany Aziýa bazarlary üçin Hytaýda ýygnamak meýilleşdirilýär, 2027-nji ýylda bolsa önümçilik Meksikadaky zawodda hem ýola goýlar.

Häzirki wagtda alyjylar üçin diňe bir wersiýa — 50 xDrive elýeterlidir. Ýylyň ahyryna çenli kompaniýa has amatly bahaly 40 we 40 xDrive modifikasiýalaryny hödürlemegi meýilleşdirýär. Şeýle-de, has güýçli iX3 M60 wersiýasy taýýarlanylýar, 2027-nji ýylda bolsa has hem ýokary öndürijilikli X3 M modeliniň çykmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, 18-nji martda BMW Neue Klasse platformasynda täze elektrikli i3 sedanyny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Onuň önümçiligi ýylyň ikinji ýarymynda kompaniýanyň Mýunhendäki zawodynda başlar. Munuň üçin benzinli we dizelli 3-nji seriýaly sedanlaryň önümçiligi Dingolfingdäki kärhana geçiriler.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....