Angliýada gadymy finikiýa teňňesi tapyldy: onuň bilen kimdir biri ýol puluny töläpdir

  • 14.03.2026 11:35
  • 4.4k+

Beýik Britaniýada ýaşy iki müň ýyldan aşýan gadymy finikiýa teňňesi muzeýe tabşyryldy. Live Science neşirinde bu tapyndynyň ýüze çykyşy hakynda gyzykly gürrüň berilýär.

Baryp, 1950-nji ýyllarda näbelli bir ýolagçy awtobusda ýa-da tramwaýda ýol puluny tölemek üçin şol gadymy teňňäni ulanypdyr. Şeýdip, teňňe şol wagtlar ulagda işleýän kassaçynyň eline düşüpdir.

Aradan ýyllar geçensoň, kassaçynyň agtygy Piter Eduards köne goşlaryň arasyndan şol teňňäni tapýar. Onuň aýtmagyna görä, atasy çaga wagtlary oňa işden köplenç dürli daşary ýurt teňňelerini ýa-da galp pullary getirip beripdir. Agtygy bolsa olary pugta ýygnapdyr.

«Biziň maşgalamyzda hiç kim kolleksioner bolaýyn diýmeýärdi. Ýöne şol teňňeleriň ýasalyşy we ýüzündäki şekiller bizi özüne çekýärdi. Olar meniň üçin hakyky hazyna ýalydy» diýip, Eduards gürrüň berýär.

Soň ol özüniň toplan teňňelerini öwrenmek kararyna gelýär we olaryň biriniň hakyky gadymy ýadygärlikdigini bilip galýar.

Hünärmenleriň çenleýşiçe, teňňe mundan iki müň ýyl ozal gadymy Finikiýanyň Gadir obasynda zikgelenipdir. Häzirki wagtda ol ýer Ispaniýanyň Andalusiýa sebitindäki Kadis şäheridir.

Bürünçden ýasalan teňňäniň ýüz tarapynda Melkart hudaýynyň şekili, arka ýüzünde bolsa iki sany gögümtil tunes balygy şekillendirilipdir.

Täsin tapyndynyň Angliýanyň Lids şäherine nähili gelip düşendigi entek näbelli. Eduardsyň özi ony Ikinji jahan urşundan dolanyp gelen esgerler getirendir diýip çaklaýar.  


düýn 14:28
1.2k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......