Netflix «Keý-pop arwah awçylary» multfilminiň dowamyny düşürer

  • 14.03.2026 11:47
  • 1.1k+

«Keý-pop arwah awçylary» (Кей-поп-охотницы на демонов) atly meşhur multfilmiň dowamy surata düşüriler. Bu barada Netflix striming platformasynyň we Sony studiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Multfilmiň dowamynyň 2029-njy ýylda çykmagyna garaşylýar. Onuň režissýory wezipesini ýene-de Meggi Kan we Kris Appelhans ýerine ýetirer. Sýužet barada maglumat berilmeýär.

Ilkinji multfilm 2025-nji ýylyň tomsunda ekrana çykdy we ol meşhur koreý keý-pop topary bolan «Huntrix-iň» agzalary barada gürrüň berýär. Gyzlar boş wagtlarynda jadyly aýdymlaryň we horeografiýanyň kömegi bilen arwahlary awlaýar hem-de parallel dünýäden gelen gelmişeklere garşy söweşýär.

«Awçylar» häzirki wagtda Netflix-iň taryhynda iň meşhur taslama hasaplanýar (500 milliondan gowrak tomaşa). Tankytçylar hem bu multfilme ýokary baha berdi. Ol Rotten Tomatoes saýtynda 91% oňyn ses aldy. Multfilm «Altyn globus» we «Gremmi» baýraklaryna mynasyp boldy, şeýle hem iki sany «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezildi.


düýn 23:54
861

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....