5.4k+

Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär

Emeli aň industriýasynyň çalt depginler bilen ösmegi, maglumat merkezlerini gurmak we olara hyzmat etmek üçin zerur bolan işçi hünärmenleriniň ýiti ýetmezçiligini ýüze çykardy diýip, WIRED neşiri ýazýar. Netijede elektriklere, gurluşykçylara, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny gurnaýan işgärlerine bolan isleg birden ýokarlandy...

5.2k+

Üns hem beremzok: älem Ýere her gün tonnalap asman jisimlerini «sepeleýär»

Her gün Ýere tonnalarça kosmos tozany — kometalaryň, asteroidleriň we Gün ulgamynyň gadymy materiallarynyň ownujak galyndylary «dökülýär». Alymlaryň çaklamalaryna görä, atmosfera her gün şeýle tozanyň 40–100 tonnasy ýaýraýar, şonuň 14–60 tonnasy bolsa Ýeriň üstüne çökýär...

9.2k+

Ispaniýada taryhda iň kiçijik dinozawrlaryň biri tapyldy

Ispaniýanyň demirgazygynda paleontologlar dinozawryň täze görnüşini — irki hek döwrüniň iň kiçi ornitopodlarynyň biri bolan Foskeia pelendonum diýlip atlandyrylan görnüşi ýüze çykardy. Bu jandaryň boýy ýarym metrden geçmeýär, emma onuň kelleçanagynyň gurluşy örän çylşyrymly we ewolýusion taýdan ösen bolup çykdy...

2.9k+

Ýupiter «garnyny çekdi»: iň uly planeta ozal hasaplanyşyndan kiçi bolup çykdy

Gün ulgamynyň iň uly planetasy bolan Ýupiter soňky 50 ýylyň dowamynda kabul edilen ölçeglerinden birneme kiçi we polýuslarda has gysby bolup çykdy. Bu netijä Ysraýylyň Weýsman ylmy instituty tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halkara alymlar topary NASA-nyň Juno zondundan alnan maglumatlary seljermek arkaly geldiler...

5.2k+

50 ýyl garaşyldy, ýene bir aý sabyr ediň: Aýa ekipažly uçuş eglenýär

NASA agentligi Aýa ekipažly Artemis II missiýasynyň uçuş wagtyny fewral aýyndan mart aýyna geçirdi. Bu barada agentligiň ýolbaşçysy Jared Aýzekman uçuşyň baş taýýarlyk işleriniň netijeleri boýunça habar berdi. «Şu gün uçuşyň baş taýýarlyk işleri tamamlandy we biz fewraldaky uçuşy marta geçirýäris...

2.6k+

Eplenýän iPhone Fold Apple-iň taryhyndaky iň uly akkumulýatora eýe bolar

Apple-iň öňümizdäki güýz paslynda özüniň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Fold modelini çykarmagy meýilleşdirýändigi öňden belli. Indi üpjünçilik zynjyryndan alnan täze maglumatlara görä, täze model kompaniýa üçin rekord dereje bolan 5500 mAs göwrümli akkumulýatora eýe boljakdygy anyklanyldy...

4.3k+

Atlar adam gorkusynyň ysyny alýar

Fransiýaly etologlar atlaryň diňe ysa esaslanyp hem adamyň emosional ýagdaýyny duýup bilýändigini anykladylar. Geçirilen synaglar haýwanlary gorkan adamlaryň deriniň biynjalyk edýändigini, olaryň ýygy-ýygydan tisginmegine, galtaşmakdan gaça durmagyna sebäp bolýandygyny görkezdi...

2.5k+

Bezosyň Blue Origin kompaniýasy syýahatçylyk uçuşlaryny iki ýyllyk togtadýar

Blue Origin kosmos kompaniýasy serişdelerini NASA bilen baglaşylan şertnamalara gönükdirmek maksady bilen, suborbital uçuşlary azyndan iki ýyl möhlet bilen togtadýar diýip, The New York Times neşiri ýazýar. Bu çözgüt Artemis Aý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň zerurlygy bilen düşündirilýär...

7.9k+

Kiçijek, özem süsek: Meksikada dawany kelle bilen çözen dinozawrjyk tapyldy

Halkara paleontologlar topary häzirki zaman iri göwrümli guşuň ölçeginden uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşiniň üstünden bardylar. Dinozawryň kellesindäki süňk ösüntgisi, onuň dürli häsiýetli çaknyşyklary süsüşmek arkaly çözen bolmagy ahmal diýen çaklamany döredýär...

1.9k+

Nesil yzarlaýan keselleri önünden çaklamak üçin Google DeepMind täze gural döretdi

Google DeepMind kompaniýasy keselleriň döremegine täsir edýän genetiki faktorlary ýüze çykarmak üçin niýetlenen AlphaGenome atly emeli aň guralyny tanyşdyrdy. Bu model bir wagtyň özünde DNK kodunyň 1 milliona çenli belgisini seljermäge ukyplydyr, bu bolsa täze bejeriş usullaryny işläp düzmäge ýardam eder diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

1.1k+

NASA-nyň «Afina» superkompýuteri sekuntda 20 kwadrillion operasiýany ýerine ýetirýär

​NASA özüniň iň güýçli we energiýa taýdan tygşytly, iň ýokary öndürijiligi 20 petaflopsdan geçýän «Afina» (Athena) superkompýuterini resmi taýdan tanyşdyrdy. ​Kaliforniýadaky Eýms adyndaky barlag merkezinde ýerleşdirilen täze hasaplaýyş toplumy indiki nesliň kosmos we awiasiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy gural bolar...

1k+

YouTube emeli aň arkaly döredilen kontenti «arassalap» başlady

YouTube platformasy emeli aňyň kömegi bilen döredilen pes hilli kontentleri bozup başlady. Şu sebäpli platformadan eýýäm iki uly kanal ýitdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Wideomontaž üçin «Kapwing» hyzmatynyň hasabatyna görä, 5,9 million agzasy bolan CuentosFacianantes kanaly bozuldy...

2.9k+

ESA iň täze howa hemrasyndan alnan ilkinji suratlary görkezdi

Brýusselde geçirilen Ýewropa kosmos maslahatynda Meteosat hemrasynyň üçünji nesline degişli bolan MTG-S (Sounder) hemrasyndan alnan ilkinji suratlar jemgyýetçilige hödürlendi. Bu suratlar missiýanyň atmosferanyň temperaturasy we çyglylygy baradaky maglumatlary ýygnamak ukybyny subut edýär...

3.5k+

Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy

Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär...

5.7k+

Ýerden 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş üçin ýaramly planeta tapyldy

Halkara astronomlar topary ýaşaýyş üçin ýaramly bolmagy mümkin bolan täze bir planetany ýüze çykardylar. Ol Ýer şaryndan takmynan 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Bu açyş barada The Guardian neşiri Astrophysical Journal Letters žurnalynda çap edilen barlaga salgylanyp habar berýär...

2.4k+

Matematikler emeli aňyň adam paýhasyndan öňe geçmejegini subut etdiler

Emeli aňyň başarnyklary hernäçe öwülse-de, bu gün matematiki subutnamalar uly dil modelleriniň (LLM) belli bir çylşyrymlylyk derejesinden ýokary wezipeleri ýerine ýetirmäge ukypsyzdygyny tassyklaýar. Matematik-alymlar Wişal we Warin Sikka tarapyndan geçirilen barlag  hem emeli aň agentleriniň awtonom ýagdaýda adamdan öňe geçmäge päsgel berýän nazary böwet bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny giňişleýin subut edýär...

5.8k+

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek robotlar tarapyndan gurlan willa peýda bolar

​Dubaýda (BAE) dünýäde ilkinji gezek doly awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen ýaşaýyş willasy gurlar. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu taslama 25-den gowrak tehnologiýa kompaniýasyny we akademiki edarany öz içine alýan halkara konsorsium tarapyndan amala aşyrylýar...

1.5k+

WhatsApp-da profili «berk sazlamak» funksiýasy peýda boldy

WhatsApp messenjerinde ulanyjylaryň howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin niýetlenen «hasaby berk sazlamak» atly täze funksiýa işe girizildi. Bu täzelik çylşyrymly kiberhüjümlerden goranmaga gönükdirilendir, emma onuň işjeňleşdirilmegi hyzmatyň adaty işini bölekleýin çäklendirip biler...

1.2k+

Hytaýyň X-Humanoid adam şekilli roboty ilkinji gezek orbitadaky hemra bilen gönüden-göni aragatnaşyga girdi

Hytaýyň X-Humanoid kompaniýasynyň gumanoid (adam şekilli) roboty Ýeriň pes orbitasyndaky hemra bilen gönüden-göni baglanan dünýäde ilkinji robot boldy. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu synag Pekinde geçirilen Täjirçilik kosmos senagatynyň ýokary hilli ösüşi boýunça Üçünji maslahatyň çäginde amala aşyryldy...

2.1k+

Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň satuwynyň başlanýandygyny mälim etdi. Gurluş 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap 2899 dollar baha bilen satylar. Smartfon doly açylan ýagdaýynda 2160 × 1586 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 1600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan 10 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi...