28-nji fewralda Saturn, Neptun, Merkuriý we Wenera bir hatara düzüler

  • 04.02.2026 09:08
  • 3k+

28-nji fewralda Saturn, Neptun, Merkuriý we Wenera planetalarynyň gatnaşmagynda «planetalaryň kiçi ýörişi» bolar. Bu barada TASS habar berýär.
Şol gün asman jisimleri asmanyň 20 graduslyk dar bir böleginde ýerleşer we jemlener. Moskwa planetariýasynyň berýän maglumatlaryna görä, fewral aýy boýunca agşamky asmanyň ýüzünde Ýupiter, Uran, Saturn, Neptun we Merkuriýni görüp bolar. Aý ahyrynda olara Wenera hem goşular. Şol döwürde agzalan alty asman jisiminiň dördüsi kiçi ýörişi emele getirer.
«Şol pursatda Saturn, Neptun, Merkuriý we Wenera asmanyň dar (20 graduslyk) böleginde bir-birine ýakyn ýerleşer» diýlip, planetariýanyň habarynda bellenilýär.
Bu astronomik hadysa birnäçe planetanyň asmanyň çäkli bir böleginde jemlenmegi netijesinde teleskopsyz saýgaryp bolýan derejede ýüze çykýar. Kiçi ýörişe dört sany asman jisimi gatnaşýan bolsa, uly ýörişe bäş we ondan hem köp planetanyň gatnaşmagyna garaşylýar.


11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......