50 ýyl garaşyldy, ýene bir aý sabyr ediň: Aýa ekipažly uçuş eglenýär

  • 04.02.2026 16:02
  • 5.2k+

NASA agentligi Aýa ekipažly Artemis II missiýasynyň uçuş wagtyny fewral aýyndan mart aýyna geçirdi. Bu barada agentligiň ýolbaşçysy Jared Aýzekman uçuşyň baş taýýarlyk işleriniň netijeleri boýunça habar berdi.
«Şu gün uçuşyň baş taýýarlyk işleri tamamlandy we biz fewraldaky uçuşy marta geçirýäris. Indi bu Artemis II missiýasynyň uçuşy üçin iň irki möhlet bolar. SLS raketasynyň uçuşlarynyň arasynda üç ýyldan gowrak arakesmäniň bolandygyny nazara alyp, biz kynçylyklaryň ýüze çykmagyna garaşdyk. Şonuň üçin biz baş taýýarlygy geçirýäris. Bu synaglar uçuşdan öň meseleleri ýüze çykarmaga we uçuş gününiň üstünlikli bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Synag wagtynda toparlar ýangyç guýulýan mahaly esasy basgançagyň birleşýän ýerinde suwuk wodorodyň syzmagyny düzetmegiň üstünde işledi. Bu bolsa enjamlary gyzdyrmak we ýangyç akymyny sazlamak üçin arakesme etmegi talap etdi. Muňa garamazdan, esasy basgançagyň we aralyk kriogen hereketlendiriji gurluşynyň ähli baklary üstünlikli dolduryldy. Emma ýangyjyň has tiz syzyp başlamagy sebäpli, wagtyň yza sanalmagy, takmynan, T-5 minut görkezijisine ýetende, uçuşyň ýerdäki ugrukdyryjysy işi saklady.
Goşmaça faktorlaryň hatarynda Orion kosmos gämisiniň uçuşa taýýarlyk işleriniň uzak dowam etmegi, ýerüsti ses ulgamyndaky wagtlaýyn bökdençlikler, pes temperaturanyň käbir kameralara täsiri, şeýle hem ekipažyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Orion-y gaz arkaly arassalamagyň täzelenen usullarynyň üstünlikli synagy bar» – diýip, Jared Aýzekman belledi.
Ol howpsuzlygyň ileri tutulýan ugurdygyny nygtady: «Biz diňe şu taryhy missiýa taýýardygymyza doly ynamly bolan wagtymyz uçuşa başlarys... Topar maglumatlaryň doly seljermesini geçirer, WDR wagty ýüze çykan her bir meseläni düzeder, zerur abatlaýyş işlerini amala aşyrar we synaglara gaýdyp geler. Biz goşmaça baş taýýarlygy geçirip, soňra mart döwrüne ünsi jemlemegi göz öňünde tutýarys».


düýn 20:46
1k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

düýn 01:11
1.2k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......

29.05.2026 23:01
3.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 19:00
955

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....