YouTube emeli aň arkaly döredilen kontenti «arassalap» başlady

  • 01.02.2026 10:54
  • 1k+

YouTube platformasy emeli aňyň kömegi bilen döredilen pes hilli kontentleri bozup başlady. Şu sebäpli platformadan eýýäm iki uly kanal ýitdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.
Wideomontaž üçin «Kapwing» hyzmatynyň hasabatyna görä, 5,9 million agzasy bolan CuentosFacianantes kanaly bozuldy. Bu kanalyň umumy tomaşa sany 1,2 milliarda ýetýärdi. Şeýle-de, 5,8 milliondan gowrak ulanyjynyň agza bolan Imperio de Jesus akkaunty YouTube-dan aýryldy.
Bu arassalaýyş işleri YouTube-yň baş direktory Nil Mohan pes hilli emeli aň kontentleriniň ýaýramak meselesi barada aýdandan soň başlandy. Ol ulanyjylara iberen hatynda platformanyň spam we klikbeýt bilen göreşmek mehanizmlerini kämilleşdirmek arkaly, «emeli aň zibilleriniň» ýaýramagyny çäklendirmekçidigi barada habar berdi.
Täze düzgünler 16 sany kanala täsir etdi. Olaryň käbirleri doly bozuldy, käbirlerinde bolsa aýry-aýry wideolar ýitdi. Beýle akkauntlaryň arasynda her biriniň 2 milliondan gowrak agzasy bolan Heroes de Fantasia, Adhamali-0 we Roupa25 ýaly kanallar bar.
Mundan ozal Kapwing YouTube-daky wideolaryň 20%-den gowragynyň «emeli aň zibillerine» degişlidigini mälim edipdi. Şeýle kanallara jemi 220 milliondan gowrak adam agza bolan, olaryň umumy tomaşa sany bolsa, takmynan, 63 milliarda barabar.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...