Ýupiter «garnyny çekdi»: iň uly planeta ozal hasaplanyşyndan kiçi bolup çykdy

  • 05.02.2026 02:03
  • 3k+

Gün ulgamynyň iň uly planetasy bolan Ýupiter soňky 50 ýylyň dowamynda kabul edilen ölçeglerinden birneme kiçi we polýuslarda has gysby bolup çykdy. Bu netijä Ysraýylyň Weýsman ylmy instituty tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halkara alymlar topary NASA-nyň Juno zondundan alnan maglumatlary seljermek arkaly geldiler.

Alymlaryň täze hasaplamalaryna görä, Ýupiteriň ekwatorial radiusy ozalky hasaplamalardan 8 kilometr kiçi (täze ölçeg: 71 488 km), polýar radiusy bolsa 24 kilometr has gysyk (täze ölçeg: 66 842 km) bolup çykdy.
Bu görkezijiler 1970-nji ýyllarda geçirilen «Voyager» we «Pioneer» missiýalaryndan bäri ilkinji gezek düýpli gaýtadan seredildi.
Alymlar planetanyň ölçeglerini anyklamak üçin radio-okultasiýa (radio tolkunlarynyň bükülmegi) usulyny ulandylar.
Juno zondy Ýupiteriň arkasyndan geçen wagty, ondan Ýere iberilýän radio tolkunlary planetanyň atmosferasyndan geçende bükülýär.
Aspirant Mariýa Smirnowa tarapyndan işlenip düzülen hasaplamalar, radio tolkunlarynyň üýtgeşmesine seredip, planetanyň içindäki gazyň we dykyzlygyň paýlanyşyny örän takyk anyklamaga mümkinçilik berdi.
Täze barlagda Ýupiteriň atmosferasyndaky örän güýçli ýelleriň we harasatlaryň täsiri hem hasaba alyndy, bu bolsa öňki barlaglarda gözden düşürilipdi.

"Okuw kitaplaryny täzelemeli bolarys. Elbetde, Ýupiteriň hakyky ölçegi üýtgemedi, ýöne biziň ony ölçeme usulymyz kämilleşdi" — diýip, professor Ýohaý Kaspi belleýär.

Ýupiteriň radiusynyň birnäçe kilometr üýtgemegi diňe bir san däl, eýsem planetanyň içki gurluşyny modellemek üçin örän möhümdir. Bu täze maglumatlar Gün ulgamynyň emele gelşini we ewolýusiýasyny has dogry öwrenmäge, şeýle hem uzak ýyldyzlaryň daşyndaky beýleki ägirt planetalary hasaplamaga kömek eder.


şu gün 10:51
35

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......