Mars gijesiniň seýrek suraty: Curiosity emeli yşyklandyryşda surat düşürdi

  • 31.01.2026 18:11
  • 3.9k+

Marsyň üstüni öwrenýän "Curiosity" apparaty "gyzyl" planetanyň gijeki görnüşiniň seýrek suratyny almagy başardy.

​Bu surat 2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda, apparatyň Marsdaky işiniň 4740-njy  gününde düşürildi.
​Yşyklandyryş üçin marsohod özüniň robotlaşdyrylan golunyň ujunda ýerleşýän swetodiod çyralaryny ulandy. Bu swetodiodlar manipulýatorda gurnalan MAHLI (Mars Hand Lens Imager) kamerasynyň düzümine girýär. Suratyň özi bolsa apparatyň sütüninde ýerleşýän Mastcam kamerasy arkaly düşürildi. Adatça, MAHLI yşyklandyryşy gündizlerine çuňňur kölegede galýan ýerleri, meselem, burawlanan deşikleriň diwarlaryny ýa-da ylmy gurallara barýan kanallaryň girişlerini ýagtyltmak üçin ulanylýar.
​Missiýanyň başynda bu swetodiodlar gijelerine-de ulanylýardy. Şonda burawlanan deşikleriň diwarlarynyň gatlaklaryny öwrenmek arkaly jynslaryň düzümi anyklanylýardy. Soňra burawlama usuly üýtgedi, deşikler has büdür-südür we tozanly bolup başlady, netijede beýle jikme-jiklikleri saýgarmak mümkin bolmady.
​Gijeki surata düşürmäge bolan gyzyklanma 2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda "Nevado Sajama" diýlip atlandyrylýan nokatda burawlama işleri geçirilenden soň täzeden döredi. Inženerler deşigiň diwarlarynyň ýeterlik derejede tekizdigini belläp, yşyklandyryş bilen gijeki surata düşürmegi ýene-de synap görmegi makul bildiler. Burawlama işleri "gutujyk görnüşli gurluşlar" diýilýän ýerde — orbitadan äpet kerebe meňzeýän geologik emele gelmeleriň çäginde amaly aşyryldy.
​"Curiosity" marsohody NASA-nyň Pasadenadaky Kaliforniýa tehnologiýa instituty tarapyndan dolandyrylýan Reaktiw hereket laboratoriýasynda (JPL) işlenip düzüldi. JPL bu missiýa NASA-nyň Ylmy müdiriýetiniň adyndan Marsy öwrenmek programmasynyň çäginde ýolbaşçylyk edýär.


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......