Dubaýda dünýäde ilkinji gezek robotlar tarapyndan gurlan willa peýda bolar

  • 30.01.2026 19:58
  • 5.8k+

​Dubaýda (BAE) dünýäde ilkinji gezek doly awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen ýaşaýyş willasy gurlar. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu taslama 25-den gowrak tehnologiýa kompaniýasyny we akademiki edarany öz içine alýan halkara konsorsium tarapyndan amala aşyrylýar.

​Bu başlangyja Dubaý häkimligi, Zacua Ventures we Würth topary bilelikde gözegçilik ederler. Taslamanyň esasy maksady — hakyky ýaşaýyş standartlaryna laýyk gelýän desgany döretmek üçin tutuş gurluşyk tapgyryny awtomatlaşdyrmakdan ybaratdyr. Guramaçylar robotlaryň gurluşyk meýdançalarynda ulanylmagynyň ykdysady taýdan bähbitlidigini we onuň gerimini giňeltmegiň mümkindigini subut etmegi meýilleşdirýärler.

​Taslamanyň başlanýandygy barada Dubaýyň Expo City şäherçesinde ýerleşýän "Gurluşyk innowasiýalary we barlaglary merkezi — 04 ConTech Valley" atly merkeziň açylyşynda mälim edildi. Bu meýdança robotlaşdyrylan gurallary, täze nesil materiallaryny we sanly infrastruktura çözgütlerini synagdan geçirmek üçin niýetlenendir.
​Dubaý häkimliginiň baş direktory Marwan Ahmed bin Galita öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň strategik ähmiýetini belledi. Onuň sözlerine görä, awtomatlaşdyrmak pudagyň netijeliligini, durnuklylygyny we uzak möhletleýin ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ukyplydyr. Edaranyň ýolbaşçysy şeýle hem bu başlangyjyň geljegi uly bolan taslamalaryň başlangyç tapgyrlardan tä täjirçilik maksatly ulanylmagyna çenli geçmegine kömek etjekdigini nygtady.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......