WhatsApp-da profili «berk sazlamak» funksiýasy peýda boldy

  • şu gün 15:33
  • 602

WhatsApp messenjerinde ulanyjylaryň howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin niýetlenen «hasaby berk sazlamak» atly täze funksiýa işe girizildi. Bu täzelik çylşyrymly kiberhüjümlerden goranmaga gönükdirilendir, emma onuň işjeňleşdirilmegi hyzmatyň adaty işini bölekleýin çäklendirip biler.
Işläp düzüjiler gizlinligiň, adatça bolşy ýaly, «parran şifrleme» (end-to-end encryption) arkaly üpjün edilýändigini nygtadylar. Goşmaça howpsuzlyk çäreleri köpçülige mälim şahsyýetler we žurnalistler üçin göz öňünde tutulandyr. Bu režimi gizlinlik sazlamalarynyň «Giňişleýin» (Advanced) bölüminde işjeňleşdirip bolýar. Bu opsiýa açylanda, programmanyň umumy işine täsir edip biljek iň berk çäklendirmeler ulanylýar.
Mundan başga-da, hyzmatyň wekilleri Rust programmalaşdyrma diline geçilýändigini mälim etdiler. Bu karar hatlary, suratlary we wideo materiallary içaly programma üpjünçiliklerinden goramak maksady bilen kabul edildi.
Ýatlap geçsek, ýaňy-ýakynda Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow bäsdeşiniň howpsuzlyk ulgamyndaky boşluklaryna ünsi çekip,
WhatsApp-y berk tankyt edipdi.


07.10.2025 15:59
4.2k+

Meta ABŞ-da 70 futbol meýdançasynyň ululygyndaky maglumat merkezini gurýar

Meta kompaniýasy Luiziana ştatynda (ABŞ) 4 million inedördül fut (371 600 inedördül metr töweregi) meýdany bolan emeli aň maglumat merkezini gurýar, bu takmynan 70 futbol meýdançasyna deňdir. Reuters-iň habar bermegine görä, desganyň umumy çykdajysy takmynan 10 milliard dollar bolar...

23.06.2025 16:12
2.7k+

Meta we Oakley türgenler üçin akylly äýnek çykardy: terjime we jaň funksiýasy bilen

Meta sport optikasyny öndüriji Oakley bilen hyzmatdaşlykda HSTN akylly äýnegini anons etdi. Öňki Meta Ray-Ban modeli ýaly täze äýnek hem frontal kamera, äýnek çarçuwasyna oturdylan dinamikler we mikrofonlar bilen üpjün edildi...

16.06.2025 17:31
1k+

Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder

Meta kompaniýasy XGS Energy bilen geotermal tehnologiýalar arkaly öndürilýän uglerod taýdan bitarap 150 megawattlyk elektrik energiýasyny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu energiýa kompaniýanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky (ABŞ) emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işläp taýýarlaýan maglumat merkezlerinde peýdalanylar...

23.01.2025 20:07
4k+

Meta kompaniýasy Oakley nyşanly akylly äýnekleri satuwa çykarar

Meta kompaniýasy dakylýan enjamlar ugruny ösdürmegini dowam edýär. Kompaniýa türgenler üçin niýetlenen “Oakley” nyşanly täze akylly äýneginiň, sagatlaryň, şeýle-de kamera bilen enjamlaşdyrylan nauşnigiň üstünde...