Meta sport optikasyny öndüriji Oakley bilen hyzmatdaşlykda HSTN akylly äýnegini anons etdi. Öňki Meta Ray-Ban modeli ýaly täze äýnek hem frontal kamera, äýnek çarçuwasyna oturdylan dinamikler we mikrofonlar bilen üpjün edildi.
Smartfona birikdirilenden soň, äýnegi jaňlar, aýdym-saz ýa-da podkast diňlemek üçin ulanmak bolýar. Gurluş hakyky wagtda sözleýiş terjimesini we daş-töwerekdäki obýektler barada maglumat görkezmegi goldaýar.
Model türgenlere niýetlenýär. Äýnek IPX4 ülňüsi boýunça suwdan goragly we 8 sagada çenli işläp bilýär. Zarýad gaby ulanylan ýagdaýynda bu wagt 48 sagada çenli artýar. Kamera 3K durulykda wideo düşürmäge ukyplydyr – bu Meta Ray-Ban-den (1080p) hem ýokary.
Hatara Oakley-iň firma linzalary we optiki çözgütleri bilen bäş görnüşli dizaýn girýär. Äýnek çarçuwalary ýumşak çal, gara, tüsse goňur, dury görnüşlerde hödürlenýär. Çäkli wersiýa altyn öwüşginler we Oakley PRIZM linzalary bilen tapawutlanýar.
Satuw ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa, Irlandiýa, Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Awstraliýa, Germaniýa, Şwesiýa, Norwegiýa, Finlýandiýa we Daniýa ýurtlarynda başlar.
11-nji iýuldan çäkli wersiýa 499 dollar bahadan satuwa çykar. Galan HSTN modelleri tomsuň dowamynda 399 dollar baha bilen elýeterli bolar.
Ozal Meta kompaniýasy Ray-Ban we Oakley brendleriniň eýesi EssilorLuxottica bilen köpýyllyk şertnama baglaşdy.
Häzirki günde Meta Ray-Ban äýneginden iki milliondan gowrak birlik satyldy. 2026-njy ýyldan başlap kompaniýa her ýyl 10 milliona çenli akylly äýnek satmagy meýilleşdirýär.