Meta kompaniýasy Oakley nyşanly akylly äýnekleri satuwa çykarar

  • 23.01.2025 20:07
  • 3.9k+

Meta kompaniýasy dakylýan enjamlar ugruny ösdürmegini dowam edýär. Kompaniýa türgenler üçin niýetlenen “Oakley” nyşanly täze akylly äýneginiň, sagatlaryň, şeýle-de kamera bilen enjamlaşdyrylan nauşnigiň üstünde işleýär diýip, Bloomberg neşiri habar berýär.

Meta sport bilen meşgullanýanlar üçin niýetlenen, ýokary derejeli displeýler bilen üpjün edilen Oakley nyşanly akylly äýnekleriň önümçiligine 2025-nji ýylda başlamagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, ilkinji giňeldilen hakykat (AR) önümini 2027-nji ýylda hödürlemek maksady bilen taýýarlyklaryna dowam edýär.

“Täze önümleri işläp düzmekdäki işjeňliliginiň ýokarlanmagy, Meta-nyň özüni AI ugrundaky innowasion kompaniýa hökmünde ornaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir” diýip, Bloomberg neşiri belleýär.

Kompaniýa täzelenen Ray-Ban modellerininiň satuwyny has-da giňeltmegi, şol sanda bu modellerde peýdalanylan tehnologiýany “Oakley” brendiniň täze modellerine uýgunlaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Şeýle-de kompaniýa Hypernova atly täze modelini 2025-nji ýylda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Täze model sag tarapdaky linzasynda displeýi bolan täsin gurluşy bilen hödürlener. Bu displeý, bildirişleri we suratlary görmek, şeýle-de ýönekeý programmalary dolandyrmak ýaly mümkinçilikleri hödürlär.
Bulardan başga-da Meta, Apple bilen bäsleşmek üçin täze akylly sagatlary we nauşnikleri döretmegi maksat edinýär. Kompaniýa AirPods nauşniklere bäsdeş boljak, emeli aň arkaly daş-töweregi analiz edip bilýän, “Camera Buds” atly kameraly nauşnikleriň üstünde işleýär.
Meta kompaniýasy wirtual we artdyrylan hakykat (VR we AR) tehnologiýalaryna birnäçe ýyl bäri onlarça milliard dollar maýa goýsa-da, häzirki wagta çenli hem giňden ýaýran üstünlik gazanyp bilmedi.


23.06.2025 16:12
2k+

Meta we Oakley türgenler üçin akylly äýnek çykardy: terjime we jaň funksiýasy bilen

Meta sport optikasyny öndüriji Oakley bilen hyzmatdaşlykda HSTN akylly äýnegini anons etdi. Öňki Meta Ray-Ban modeli ýaly täze äýnek hem frontal kamera, äýnek çarçuwasyna oturdylan dinamikler we mikrofonlar bilen üpjün edildi...

16.06.2025 17:31
894

Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder

Meta kompaniýasy XGS Energy bilen geotermal tehnologiýalar arkaly öndürilýän uglerod taýdan bitarap 150 megawattlyk elektrik energiýasyny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu energiýa kompaniýanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky (ABŞ) emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işläp taýýarlaýan maglumat merkezlerinde peýdalanylar...

28.09.2024 21:52
2.7k+

Meta giňeldilen hakykat äýnegi Orion-yň prototipini hödürledi

Meta giňeldilen hakykat äýnegi Orion-yň prototipini görkezdi. Ol beýleki AR gurluşlarynyň köpüsi ýaly uly däl diýip, Engadget ýazýar. Äýnek golografiki elementleri hakyky dünýä goşmak bilen, “smartfonyň ekran çarçuwasy...

24.04.2024 13:42
9.4k+

Meta emeli aňyň täze neslini hödürledi

Meta Llama 3 ady bilen dil modeliniň täze neslini hödürledi. Kompaniýa ony açyk başlangyç kodly modelleriň arasynda iň gowusy hasaplaýar. Onuň iki wersiýasy bar: 8 mlrd parametrli Llama 3 8B we 70 mlrd parametrli...