Meta ABŞ-da 70 futbol meýdançasynyň ululygyndaky maglumat merkezini gurýar

  • 07.10.2025 15:59
  • 4.2k+

Meta kompaniýasy Luiziana ştatynda (ABŞ) 4 million inedördül fut (371 600 inedördül metr töweregi) meýdany bolan emeli aň maglumat merkezini gurýar, bu takmynan 70 futbol meýdançasyna deňdir.

Reuters-iň habar bermegine görä, desganyň umumy çykdajysy takmynan 10 milliard dollar bolar. AP maglumat merkeziniň 3 milliard dollardan gowrak bahasy bolan infrastrukturany talap etjekdigini belleýär. Taslama garşy çykýanlar elektrik energiýasynyň bahasynyň ýokarlanmagyndan we sebitiň ýaşaýjylary üçin suw ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyndan howatyrlanýarlar.
WIRED neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň tomsunda Luiziananyň Jemgyýetçilik hyzmatlary boýunça komissiýasy maglumat merkezini işletmek üçin üç sany gaz turbinasynyň çalt depginde gurulmagyny tassyklady. Olary Entergy Luiziana kompaniýasy dolandyrar. Entergy desgany birikdirmek we oňa hyzmat etmek üçin infrastrukturasyna Metanyň gönüden-göni özüniň töleýändigini düşündirdi. Olaryň baha bermegine görä, toruň çydamlylygyny döwrebaplaşdyrmakda müşderileriň çykdajylarynyň takmynan 10% azaljakdygyny we tupanlardan soň dikeltmek üçin goşmaça tölegleriň hem azaljakdygyny çaklaýarlar.
Meta merkeziň 500 sany täze iş ornuny döretjekdigini we 1000-5000 aralygynda gytaklaýyn iş orny bilen üpjün etjekdigini habar berdi.
Taslamany tankytlaýanlar ýerli ýaşaýjylara ýetip biljek täsirler babatda aladalanýarlar. Jorjiýada şuňa meňzeş merkez gurlanda ilat suw üpjünçiligi meselesinden zeýrenipdiler. Bu barada Meta täze merkeziň ýerasty suwlary ulanmajakdygyny we ýerli ýaşaýjylaryň bolsa guýulardan suw alýandygyny aýtdy. Garaşsyz ekspertiza desganyň işiniň suw üpjünçiligine zyýanynyň ýetmejekdigini  tassyklaýar. Meta-nyň wekili maglumat merkezleriniň köp suw talap edýändigini, ýöne kompaniýanyň bu babatda durnuklylygy üpjün etmek üçin degişli çäreleri görendigini aýtdy.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....