Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder

  • 16.06.2025 17:31
  • 1k+

Meta kompaniýasy XGS Energy bilen geotermal tehnologiýalar arkaly öndürilýän uglerod taýdan bitarap 150 megawattlyk elektrik energiýasyny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu energiýa kompaniýanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky (ABŞ) emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işläp taýýarlaýan maglumat merkezlerinde peýdalanylar.

Meta-nyň energiýa bölüminiň ýolbaşçysy Urwi Parehiň sözlerine görä, emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi köp mukdarda energiýa talap edýär, geotermal energiýa bolsa bu babatda möhüm çözgüt bolup biler.
Adaty geotermal stansiýalar gyzgyn suwuň ýa-da buguň tebigy rezerwuarlaryna bagly bolýar we diňe käbir sebitlerde giňden ýaýrandyr. ABŞ-da şeýle stansiýalar umumy elektrik energiýasynyň diňe 1%-e golaýyny öndürýär. Şeýle-de bolsa, XGS Energy kompaniýasy gurak gaýalardan ýylylygy bölüp çykaryp bilýän ulgamlary işläp düzýär. Bu ulgamlarda suw polat turbalaryň içinde ýapyk dolanyşyk bilen aýlanýar, şeýlelikde suwuň ýitgisi peseldilýär, bu bolsa Nýu-Meksiko ýaly gurak sebitler üçin örän wajypdyr.
«The Verge» neşiriniň maglumatlaryna görä, Meta bilen XGS Energy-niň arasyndaky şertnama iki tapgyrda durmuşa geçiriler we 2030-njy ýyla çenli işe giriziler. Bu Meta kompaniýasynyň onýyllygyň ahyryna çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny nola ýetirmek boýunça 2020-nji ýylda yglan eden maksadyna laýyk gelýär.
Şeýle-de bolsa, emeli aň ulgamlarynyň kämilleşmegi bilen baglylykda, kompaniýanyň uglerod yzlary artmagyny dowam edýär. Mundan ozal Meta, köne ýadro reaktorynyň işini täzeden dikeltmek we Luiziana ştatynda (ABŞ) täze maglumat merkezi üçin üç sany gaz elektrostansiýasynyň gurluşygyny göz öňünde tutýandygyny hem habar beripdi.


düýn 23:58
2.3k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

09.05.2026 18:35
5.6k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 09:23
5.7k+

Gün energiýasynyň kömegi bilen Taklamakan “ölüm deňzinde” “ýaşyl däliz” peýda boldy

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Taklamakan çölüniň içinden geçýän 522 kilometrlik gara ýol ekologiýa taýdan möhüm bir üstünlige ýetdi: bu ýerde 15 million kilowatt-sagatdan gowrak gün energiýasy öndürildi.......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....