Bezosyň Blue Origin kompaniýasy syýahatçylyk uçuşlaryny iki ýyllyk togtadýar

  • 02.02.2026 18:41
  • 2.5k+

Blue Origin kosmos kompaniýasy serişdelerini NASA bilen baglaşylan şertnamalara gönükdirmek maksady bilen, suborbital uçuşlary azyndan iki ýyl möhlet bilen togtadýar diýip, The New York Times neşiri ýazýar.
Bu çözgüt Artemis Aý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň zerurlygy bilen düşündirilýär.
2021-nji ýyldan bäri ulanylýan New Shepard raketasy Günbatar Tehasdan 38 uçuşy amala aşyryp, 98 ýolagçyny kosmosyň serhedine çykardy. Iň soňky uçuş geçen hepde boldy. Nobata garaşýan syýahatçylaryň köpdügine garamazdan, häzirki wagtda ileri tutulýan ugur astronawtlary Aýa gondurmak üçin gonuş modulyny işläp taýýarlamak hasaplanýar.
NASA bilen baglaşylan şertnamanyň bahasy 3,4 mlrd dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa täjirçilik uçuşlaryndan gelýän girdejiden has ýokarydyr. ABŞ-nyň Kosmos edarasy SpaceX-de gijikdirmeleriň bolýan wagty Blue Origin bilen işleri çaltlaşdyrmak mümkinçiligine seredýär. New Shepard raketasynda synagdan geçirilen köp gezeklik gonuş tehnologiýalary ýük göterijiligi 45 tonna çenli bolan New Glenn agyr raketasyny döretmekde ulanylar.


29.05.2026 23:01
4.5k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 19:00
992

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....

19.05.2026 23:21
2.3k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......