NASA-nyň «Afina» superkompýuteri sekuntda 20 kwadrillion operasiýany ýerine ýetirýär

  • 01.02.2026 11:36
  • 1.1k+

​NASA özüniň iň güýçli we energiýa taýdan tygşytly, iň ýokary öndürijiligi 20 petaflopsdan geçýän «Afina» (Athena) superkompýuterini resmi taýdan tanyşdyrdy.

​Kaliforniýadaky Eýms adyndaky barlag merkezinde ýerleşdirilen täze hasaplaýyş toplumy indiki nesliň kosmos we awiasiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy gural bolar.
​Bu ulgam «High-End Computing Capability» (HECC) taslamasynyň flagmanydyr. Agentligiň berýän maglumatyna görä, «Afina» AMD EPYC prosessorlaryna esaslanýan 1024 sany hasaplaýyş ulgamyny özünde jemleýär we 786 terabaýt operatiw ýadyna (RAM) eýedir. Şeýle tehniki aýratynlyklar oňa sekuntda 20 kwadrillion operasiýany ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
​Superkompýuteriň hasaplaýyş güýji raketa uçuşlaryny modelirlemäge we ýangyç taýdan tygşytly uçarlary taslamaga gönükdirilendir, bu bolsa gymmat bahaly fiziki synaglaryň sanyny azaltmaga kömek eder. Mundan başga-da, «Afina» emeli aňyň uly göwrümli modellerini okatmak üçin platforma hökmünde ulanylýar. Emeli aň ulgamlary ylmy kanunalaýyklyklary ýüze çykarmak, atmosfera hadysalaryny modelirlemek we Gün tupanlarynyň Ýere bolan täsirini ýüze çykarmak üçin hemralardan gelýän petabaýtlarça maglumatlary seljerer.


09.06.2026 23:32
3.3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......