ESA iň täze howa hemrasyndan alnan ilkinji suratlary görkezdi

  • 31.01.2026 16:33
  • 2.9k+

Brýusselde geçirilen Ýewropa kosmos maslahatynda Meteosat hemrasynyň üçünji nesline degişli bolan MTG-S (Sounder) hemrasyndan alnan ilkinji suratlar jemgyýetçilige hödürlendi. Bu suratlar missiýanyň atmosferanyň temperaturasy we çyglylygy baradaky maglumatlary ýygnamak ukybyny subut edýär. Bu maglumatlar Ýewropada we Demirgazyk Afrikada howa çaklamalarynyň takyklygyny täze derejä çykarar.

Hemra Ýer ýüzünden takmynan 36 000 kilometr beýiklikde, geostasionar orbitada ýerleşýär. Ýewropa Kosmos Agentligi (ESA) tarapyndan işlenip düzülen MTG maksatnamasy meteorologiýa we howanyň hiline gözegçilik etmekde innowasion böküş etmegi maksat edinýär.
Geostasionar ýerleşişi sebäpli, MTG-S umumy howa maglumatlaryny her 15 minutdan, atmosferanyň temperaturasy we çyglylygy baradaky maglumatlary bolsa her 30 minutdan täzeleýär. Bu täze maglumatlar eýýäm orbitada duran MTG-Imager hemrasynyň berýän bulutlar we ýyldyrymlar baradaky maglumatlarynyň üstüni ýetirýär.
MTG-S infragyzyl zondy geostasionar orbitadaky ilkinji Ýewropa giperspektral guralydyr.
Geljekde alynjak ölçegleriň esasynda atmosferanyň üç ölçegli (3D) kartalaryny döretmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa gysga möhletli çaklamalary has-da kämilleşdirer we duýdansyz turýan güýçli tupanlara gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.


düýn 19:55
2.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
5.6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

31.05.2026 00:31
2.1k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......