Perseverance Marsyň Ýezero kraterinde gadymy kenarýakanyň yzlaryny tapdy

  • 03.02.2026 11:54
  • 2.2k+

Marsyň Ýezero kraterinde gadymy kenarýaka zolagynyň bardygyny tassyklaýan subutnamalar tapyldy. Bu bolsa planetanyň geçmişde dykyz atmosferasynyň bolandygyny görkezýär. Bu barada Londonyň Imperial kollejiniň alymlary habar berýärler.

Barlag işleri Perseverance marsohodynyň (marsyň üstünde ýöreýän enjamynyň - roweriniň) bäş ýyllyk işiniň dowamynda ýygnan maglumatlaryna esaslanýar.
Eastern Margin Unit (EMU) diýlip atlandyrylýan ýer gadymy kölüň kenar zolagy bolup çykdy. Eňňit çökündi gatlaklary, tegelek çäge däneleri we eroziýa yzlary suw tolkunlarynyň täsirini tassyklaýar. Bu tapyndy kraterdäki suwuň doňmandygyny we şol wagtky atmosferanyň ýel döretmek üçin ýeterlik derejede dykyz bolandygyny subut edýär.
Western Margin Unit (WMU) zolagynda karbonatlara we kremniý dioksidine baý bolan magmatik dag jynslary anyklandy. Alymlaryň pikiriçe, bu minerallar gidrotermal çeşmeleriň gatnaşmagynda emele gelipdir.
Alymlar bu sebitden alnan «Comet Geyser» nusgasyny mikroskopiki galyndylary (gadymy ýaşaýyş yzlaryny) tapmak üçin iň amatly material hasaplaýarlar. Emma NASA-nyň Marsdan toprak nusgalaryny getirmek baradaky «Mars Sample Return» missiýasy býujetiň çäkden çykmagy sebäpli ýatyryldy. Şol sebäpli ýygnalan gymmatly nusgalar häzirlikçe «Gyzyl planetada» galýar.


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......