Alymlar CO₂ derejesini peseltmek üçin agaçlary suwa basdyrmagy teklip edýärler

  • düýn 10:47
  • 2.6k+

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Ulf Býutgeniň ýolbaşçylygynda Demirgazyk buzly ummanynyň düýbüne agaçlary çümdürmek arkaly uglerody uzak möhletleýin saklamak usulyny hödürlediler. Bu ylmy garaýyş 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda NPJ Climate Action žurnalynda çap edildi.
Bu usulyň mazmuny demirgazyk tokaýlaryndan agaçlary taýýarlap, olary iň iri demirgazyk derýalar bolan Ob, Ýeniseý, Lena, şeýle hem Ýukon we Makkenzi arkaly daşamakdan ybaratdyr. Işiň dowamynda agaç sütünlerini ummanyň kislorodsyz gatlaklaryna çümdürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle şertlerde organiki maddalar çüýremeýär, bu bolsa uglerodyň uzak wagtlap saklanmagyna mümkinçilik berýär.
Alymlaryň geçen ýyl Alp daglarynyň kislorody az bolan köllerinde takmynan 8000 ýyllyk, hiç hili çüýreme yzy bolmadyk agaç böleklerini tapmaklary bu barlagy maksat edinmäge esas boldy.
Awtorlaryň hasaplamalaryna görä, agzalan derýalaryň boýunda her ýyl takmynan 30 müň inedördül kilometr meýdandaky tokaýy çapyp, olaryň ýerine täze agaçlary ekmek arkaly ýylda bir milliard tonna çenli kömürturşy gazyny (CO₂) izolirläp bolar.
Şeýle-de, alymlar agaçlary derýa arkaly akdyrmagyň logistika çykdajylary azaldýandygyny hem belleýärler. Edil şonuň ýaly, olar şol bir wagtda bu işiň derýalaryň ekoulgamyna, ýerli halklaryň hukuklaryna we buz gatlagynyň üýtgemegine ýetirjek täsiriniň goşmaça öwrenilmelidigini-de nygtaýarlar.


31.01.2026 15:26
3.3k+

Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy

Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär...

03.12.2025 10:53
7.5k+

FT: Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes edip, parnik gazlaryny çykaryp başladylar

Afrikanyň öň parnik gazlaryny özüne siňdirýän tokaýlary geçen onýyllygyň başynda, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy sebäpli, CO2 zyňyndylarynyň iň uly çeşmelerinden birine öwrüldi. Bu barada halkara klimaty öwrenýän alymlar toparynyň geçiren barlagyna salgylanýan Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär...

26.10.2025 09:27
10k+

Hindistan Delini tüsseden arassalamak üçin emeli ýagyş ýagdyrmaga taýýarlanýar

Hindi häkimiýeti emeli aňyň kömegi bilen Delidäki tüssä garşy göreşmek meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Şäher häkimiýetiniň başlygy Rekha Guptanyň habar bermegine görä, 23-nji oktýabrda tehnologiýanyň synaglary üstünlikli geçirildi, indi bolsa hünärmenler 28 – 30-njy oktýabrda bulut “ekişi” boýunça synagy geçirmäge taýýarlanýar...

04.10.2025 14:53
1.7k+

Aşgabatda “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

3-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň, BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) bilelikde yglan etmeginde geçirildi diýip, guramaçylar habar berdiler...