Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

  • 17.03.2026 20:58
  • 6.2k+

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler.

Bu netije 1993-nji ýylda goýlan öňki dünýä rekordyndan 18 gradus ýokarydyr.

Täze materialyň esasyny kuprat — simapdan, bariýden, kalsiýden, misden we kisloroddan ybarat bolan himiki birleşme düzýär. Ol ozal rekord eýesi hasaplanan Hg1223 maddasynyň döwrebaplaşdyrylan görnüşidir.

Fizikler bu işde adatdan daşary usuly ulandylar. Ilki bilen material minus 268 gradus Selsiý temperaturada takmynan 186 müň atmosfera basyşyna çenli gysyldy. Soňra bolsa, maddanyň üýtgän gurluşyny saklap, basyş çaltlyk bilen aýryldy.

Barlagyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, beýle çemeleşme beýleki aşa ýokary geçiriji materiallary döretmäge hem kömek edip biler. Geljekde bu açyş örän ýokary basyşy saklamak zerurlygy bolmazdan, otag temperaturasyna golaý şertlerde togy garşylyksyz geçirip bilýän maddalaryň peýda bolmagyny ýakynlaşdyryp biler.


düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....