Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

  • 18.02.2026 07:37
  • 7.7k+

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler. Seljerme bu çäreleriň takmynan 70 ýyllap dowam eden biodürlüligiň azalmagyny saklamaga mümkinçilik berendigini görkezdi.

Gadaganlyk girizilmezden öňki (2018–2020-nji ýyllar) we ondan soňky (2021–2023-nji ýyllar) döwürleriň maglumatlarynyň deňeşdirilmegi uly üýtgeşmeleri ýüze çykardy. Derýadaky balyklaryň umumy bioagramy 209% artdy, görnüşleriň sany bolsa 13% köpeldi. Barlagçylaryň maglumatyna görä, balyklar has ulaldy we olaryň fiziki ýagdaýy gowulandy.
Oňyn üýtgeşmeler seýrek görnüşleriň arasynda hem hasaba alyndy. Ganatsyz deňiz doňuzlarynyň — derýa delfini ýitip gidenden soň Ýanszyda galan ýeke-täk süýdemdiriji haýwanyň sany 2017-nji ýyldaky 445 sanysyndan 2022-nji ýylda 595-e ýetdi.
Awtorlar ekoulgamyň dikelmegiň irki tapgyryndadygyny belleýärler. Moratoriýa balyk tutulmagyny azaltsa-da, derýa heniz hem bentleriň, işjeň gämi gatnawynyň we hapaçylygyň zyýanly täsirini çekýär.
Alymlar gadaganlygyň möhletinden öň ýatyrylmagynyň ýa-da balyklaryň bentlerden geçmegi baradaky meseleleriň çözülmezliginiň gazanylan netijeleri puja çykaryp biljekdiginden aladalanýarlar.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......