Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

  • 06.02.2026 14:14
  • 923

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir. Iň ýörgünli döwür dördünji çärýekde boldy, şonda jemi 44 million planşet ýerlenildi.
Ösüş depgini boýunça Aziýa-Ýuwaş okean sebitini Merkezi we Gündogar Ýewropa yzda galdyrdy. Möwsümleýin arzanladyşlara garamazdan, satuwlar boýunça birsyhly yzda galan Demirgazyk Amerikasyndan başga, dünýä bazarlarynyň köpüsi iki belgili ösüşi görkezdi.
Apple ýene-de birinji orny eýeledi. Kompaniýa dördünji çärýekde 19,6 million iPad satdy, bu bolsa bir ýyl ozalky görkezijiden 16,5% köpdür. 
Ikinji orny 6,4 million haryt sany bilen Samsung eýeleýär. Lenovo 3,9 million planşet iberip, ondan öňki ýyldakydan 36% ösüş görkezdi. Ilkinji bäşligi Huawei (3 million) we Xiaomi (2,8 million) jemleýär.
Seljerijiler 2026-njy ýylda bazaryň ýat ýetmezçiligi we bahalaryň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurýarlar. Şondan ugur alyp öndürijiler planşetleriň smartfonlar we şahsy kompýuterler bilen aňsat arabaglanyşmagy üçin emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegi we bitewi ekoulgamlary döretmegi meýilleşdirýärler.


31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...