Nesil yzarlaýan keselleri önünden çaklamak üçin Google DeepMind täze gural döretdi

  • 01.02.2026 11:42
  • 1.9k+

Google DeepMind kompaniýasy keselleriň döremegine täsir edýän genetiki faktorlary ýüze çykarmak üçin niýetlenen AlphaGenome atly emeli aň guralyny tanyşdyrdy. Bu model bir wagtyň özünde DNK kodunyň 1 milliona çenli belgisini seljermäge ukyplydyr, bu bolsa täze bejeriş usullaryny işläp düzmäge ýardam eder diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

​Işläp düzüjiler ulgamy adamyň we syçanyň açyk genetiki maglumatlar binýady esasynda döretdiler. Şonuň netijesinde, programma belli bir dokumalardaky mutasiýalar bilen olaryň biologik düzüjilere ýetirýän täsiriniň arasyndaky baglanyşygy anyklady. Algoritm koddaky üýtgeşmeleriň genleri dolandyrmak mehanizmlerine, şol sanda olaryň işjeňleşýän wagtyna we biologik işjeňlik derejesine nähili täsir edýändigini çaklaýar.
​Barlagçylaryň bellemegine görä, ýürek keselleri we autoimmun bozulmalary ýaly giňden ýaýran patologiýalaryň köpüsi genleriň düzgünleşdirilişiniň bozulmagy sebäpli ýüze çykýar. AlphaGenome anyk näsazlyklary tapmaga we DNK-nyň täze yzygiderliligini modelirlemäge mümkinçilik berýär.

«Biz AlphaGenome-a genomuň funksional elementleriniň näme üçin jogapkärdigine düşünmek üçin bir gural hökmünde garaýarys. Bu bolsa, durmuş koduna bolan düýpli düşünjämizi çaltlandyrar diýip umyt edýäris» diýip, ​DeepMind kompaniýasynyň barlagçysy Nataşa Latyşewa belledi.


25.05.2026 16:09
1.2k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......