Eplenýän iPhone Fold Apple-iň taryhyndaky iň uly akkumulýatora eýe bolar

  • 04.02.2026 09:14
  • 2.6k+

Apple-iň öňümizdäki güýz paslynda özüniň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Fold modelini çykarmagy meýilleşdirýändigi öňden belli. Indi üpjünçilik zynjyryndan alnan täze maglumatlara görä, täze model kompaniýa üçin rekord dereje bolan 5500 mAs göwrümli akkumulýatora eýe boljakdygy anyklanyldy.
Enjam iPhone 18 seriýasy bilen bir wagtyň özünde çykar we kompaniýanyň taryhyndaky tehnologik taýdan iň kämil model bolar.
Gatlakly göwrümi saklamak bilen ýokary awtonomlylyk kremniý-uglerod anod tehnologiýasy arkaly amala aşyrylar. Deňeşdirmeli bolsa, Hytaý bazary üçin niýetlenen iPhone 17 Pro Max modeliniň batareýa göwrümi 4823 mAs-a deňdir.
iPhone Fold modeliniň tehniki aýratynlyklarynda Samsung tarapyndan öndürilen, 120 Gs täzeleniş ýygylygy bolan 7,8 dýuýmlyk içki LTPO OLED ekrany we 5,3 dýuýmlyk daşky ekrany göz öňünde tutulýar. Enjamyň apparat esasyny Apple A20 Pro prosessory emele getirer. Face ID ulgamynyň ýerine işläp düzüjiler gapdal tarapda ýerleşen barmak yzy skanerini ulanmagy meýilleşdirýärler. Smartfon şeýle-de 48 Mp durulygyndaky goşa esasy kamera bilen enjamlaşdyrylar.
JPMorgan Chase-iň seljerijileriniň çaklamalaryna görä, enjamyň binýatlyk nusgasynyň bahasy takmynan 2000 dollar bolar. Iň ýokary görkezijili nusgasynyň bahasy bolsa 2500 dollardan hem gymmat bolmagy ahmal.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...