Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar

  • 30.01.2026 10:35
  • 2k+

Samsung kompaniýasy ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň satuwynyň başlanýandygyny mälim etdi. Gurluş 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap 2899 dollar baha bilen satylar.
Smartfon doly açylan ýagdaýynda 2160 × 1586 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 1600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan 10 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi. Korpusyň iň inçe ýeriniň ýogynlygy 3,9 mm barabar. Öndürijiniň habar bermegine görä, smartfonyň şarnirleri 200 müň gezek açylyp-ýapylmaga niýetlenendir. ABŞ-da bu model gara reňkde we 512 GB içki ýat bilen elýeterli bolar.

Korpusyň ortaky böleginiň daşky tarapynda 2520 × 1080 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 2600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan goşmaça 6,5 dýuýmlyk displeý ýerleşýär. Smartfon Qualcomm Snapdragon 8 Elite prosessorynda işleýär we 5600 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edildi.
Esasy kamera Galaxy Z Fold 7 modeli bilen meňzeş bolup, ol 200 Mp esasy moduly, 12 Mp giň burçly kamerany we 10 Mp telefotomoduly öz içine alýar. Öňdäki kamera 10 Mp.
TechCrunch neşiriniň maglumatyna görä, Galaxy Z TriFold ABŞ-nyň bazarynda iň gymmat smartfon bolar. Ol hatda 2 TB ýady bolan iPhone 17 Pro Max modelinden we 2000 dollar bahasy bolan Samsung Galaxy Z Fold-dan hem ep-esli gymmatdyr. Smartfon diňe Samsung-yň bölek söwda dükanlarynda we resmi saýtynda satylar. Ol mobil operatorlaryň üsti bilen satuwa çykarylmaz.



03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

26.02.2026 09:53
7.2k+

Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus

San-Fransiskoda geçirilen Galaxy Unpacked 2026 çäresinde Samsung kompaniýasy täze Galaxy S26 Ultra smartfonyny hödürledi. Bu flagman diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem şahsy gizlinligi goramak ukyby bilen hem tapawutlanýar...

16.02.2026 03:47
5.3k+

Samsung-yň täze funksiýasy Galaxy S26 Ultra-nyň ekranyny ýat gözlerden gorar

Samsung-yň Demirgazyk Amerika bölümi ekranyň ýüzüni nätanyş gözlerden gizleýän täze funksiýa hakynda gysgajyk wideo görkezdi. Kompaniýa oňa «Privacy Display» diýip at berýär. Bu tehnologiýany ilkinji bolup, Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonunyň almagyna garaşylýar...