Ýerden 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş üçin ýaramly planeta tapyldy

  • 31.01.2026 11:10
  • 5.7k+

Halkara astronomlar topary ýaşaýyş üçin ýaramly bolmagy mümkin bolan täze bir planetany ýüze çykardylar. Ol Ýer şaryndan takmynan 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Bu açyş barada The Guardian neşiri Astrophysical Journal Letters žurnalynda çap edilen barlaga salgylanyp habar berýär.
Täze planeta HD 137010 b diýlip atlandyryldy. Ol Günüň tipindäki ýyldyzyň töwereginde aýlanýar we ölçegi boýunça Ýerden 6% töweregi uludyr. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu planetanyň ýaşaýyş zolagynda ýerleşme ähtimallygy 50%-e golaýdyr.
HD 137010 b planetasynyň orbitasy köp babatda Ýeriňkini ýatladýar: ol öz ýyldyzynyň töwereginden doly aýlawyny 355 günde diýen ýaly tamamlaýar. Emma şol ýyldyzyň özi Günden has sowuk we öçügsiräkdir. Şol sebäpli, hasaplamalara görä, planetanyň üstündäki temperatura Marsyňka has ýakyn bolup, -70 gradusdan hem aşakda bolup biler.
Planeta NASA-nyň Kepler kosmos teleskopunyň 2017-nji ýylda ýygnan maglumatlaryny seljermek arkaly tapyldy. Şeýle-de alymlar planeta öz ýyldyzynyň öňünden geçen pursadynda ýyldyzyň ýagtylygynyň wagtlaýynça peselendigini hasaba aldylar.
Deňeşdirmek üçin: Gün ulgamyna iň ýakyn ýaşaýyş zolagyndaky planeta bolan Proksima Sentawra b Ýerden 4,22 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Günüň tipindäki ýyldyzyň töwereginde ýerleşýän ýene iki sany ýaşaýyş üçin ýaramly bolmagy ähtimal hasaplanýan planetalar bolsa tau Kita ulgamynda, Günden takmynan 12 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýärler.


düýn 10:51
813

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....