Ýaponiýaly alymlar ultrases barlagynda suwuk geliň deregine polimer ýassyk döretdiler

  • 01.02.2026 23:09
  • 2.5k+

Ýaponiýanyň Kindaý uniwersitetiniň hünärmenleri ultrases barlaglarynda (UZI) adaty geliň deregine ulanyp boljak polimer "ýassygy" döretdiler. Bu täzelik barada "Scientific Reports" ylmy žurnalynda makala çap edildi.

Täze önüm ultrases enjamynyň datçigi bilen deri arasyndaky howa boşlugyny doly aýyrýar we anyk diagnoz goýmak üçin ýokary hilli şekili üpjün edýär.
Polimer materialyň düzümine tropiki ösümlik bolan tamarindiň (kösükli ösümlik) tohumlary goşuldy. Bu oýlap tapyş adaty gelleriň esasy kemçiliklerini, ýagny çalt guramagyny we näsaglarda döredýän oňaýsyzlyklaryny aradan aýyrýar.
Suwuk gellerden tapawutlylykda, gaty örtük ulanmakda has amatly bolup, enjamyň we eşikleriň hapalanmak töwekgelçiligini nol edýär.
Barlagçylaryň bellemegine görä, bu innowasiýa diagnostika pudagyndaky häzirki zaman tehnologiýalarynyň, şol sanda smartfonlara birikdirilýän göçme UZI apparatlarynyň mümkinçiliklerini has-da giňelder. Täze örtügiň aňsatlyk bilen çalşylmagy we ulanmaga taýynlygy lukmanlaryň işini ep-esli ýeňilleşdirer.


şu gün 09:54
465

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......