Astronomlar emeli aňyň kömegi bilen «Habbl»-yň suratlaryndan 1400-e golaý anomal şekilleri tapdylar

  • 02.02.2026 20:38
  • 2.8k+

Emeli aň älemiň sahypalaryny «waraklap», onlarça ýyllap adamlaryň gözünden sypan täsinlikleriň üstünden bardy. Astronomlar «Habbl» kosmos teleskopunyň arhiwine «AnomalyMatch» atly EA guralyny birikdirdiler. Tejribe tiz wagtda garaşylýan netijäni berdi: algoritm 1400-e golaý anomal obýekti ýüze çykardy. Olaryň 800-den gowragy ozalky ylmy işleriň hiç birinde agzalmandyr.
Işiň gerimi haýran galdyrýar. Neýroulgam 100 milliona golaý aýratyn şekili bary-ýogy iki ýarym günüň içinde derňedi. Eger bu iş adama tabşyrylan bolsa, ol muňa birnäçe ýylyny sarp ederdi. Gyzykly barlagyň netijeleri Astronomy & Astrophysics žurnalynda çap edildi.
Seýrek obýektleri — biri-biri bilen çaknyşýan galaktikalary, grawitasiýa linzalary we halkaly gurluşlary gözlemek,  haçandan bäri «samanhanadan iňňe gözlenýäne» meňzeýärdi. «Habbl» teleskopunyň 35 ýyllyk synaglaryndan ybarat arhiwi hakyky kosmos hazynasyna öwrüldi, emma onuň göwrümi adaty derňemek usulynyň çäginden çykdy.
Ýewropa kosmos agentliginiň gatnaşmagynda işlenip düzülen «AnomalyMatch» bu meseläniň çözgüdi boldy. Algoritm 5000 töweregi bolmagy ähtimal üýtgeşik obýekti saýlady, gaýtalanmalar aýrylandan soň 1339-y galdy. Alymlar olary elin barladylar we tassykladylar. Şunlukda olaryň  1300-den gowragynyň hakykatdan-da anomaldygy mälim boldy.
Tapylan zatlaryň agramly bölegi — birleşmek tapgyryndaky galaktikalar bolup çykdy. Olar süýndürilen, gyşardylan we ýyldyzlar hem-de gazlardan emele gelen uzyn «guýruklary» bolan galaktikalardyr. Beýleki açyşlaryň arasynda grawitasiýa dugalary we halkalary, gaz «murtlary» bolan meduza-galaktikalar, äpet ýyldyz lagtalary we kebelege hem gamburgere meňzeýän protoplanet diskleri bar. Obýektleriň käbirini bolsa asla toparlara bölmegem mümkin bolmady.
Alymlar munuň diňe bir başlangyçdygyna, hatda «jikme-jik öwrenildi» diýlip hasaplanylýan maglumatlardan hem entek garaşylmadyk täsinlikleriň çykjakdygyna ynanýarlar. Olaryň pikiriçe, diňe  gözlemegi we görmegi başarmak gerek.


11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......