Emeli aň Marsa baryp ýetdi: NASA ilkinji gezek Perseverance marsahodynyň nawigasiýasynda emeli aň ulandy

  • 02.02.2026 12:09
  • 1.6k+

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Perseverance marsahody Ýezero kraterinde Anthropic kompaniýasynyň Claude uly dil modeli tarapyndan düzülen ugur boýunça takmynan 400 metr ýol geçdi diýip, NASA habar berýär. Bu waka agentligiň planetara roweriniň nawigasiýasy üçin emeli aňyň ulanylan ilkinji ýagdaýy boldy.

​Ýol çyzgysy missiýanyň köp ýyllyk maglumatlaryny seljeren Claude Code guraly arkaly taýýarlandy. Algoritm her 10 metrden gözegçilik nokatlaryny döredip, traýektoriýany yzygiderli kämilleşdirdi. Ädimleriň ählisi Reaktiw hereket laboratoriýasynyň (JPL) hünärmenleri tarapyndan apparatyň gündelik dolandyrylyşynda ulanylýan simulýatorda barlanyldy.
​Ozal nawigasiýa nokatlary inženerler tarapyndan hemra suratlaryna esaslanyp, elde düzülýärdi. Claude ulanylanda bolsa, diňe toparyň elindäki iň täze ýerli suratlary sebäpli gaty az sanly düzedişler gerek boldy.
Şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy syýahatlary meýilleşdirmegi çaltlandyrmaga we ylmy maglumatlary ýygnamagyň depginini artdyrmaga gönükdirilendir. Agentlik geljekde Gün ulgamynyň uzakdaky sebitlerini öwrenmekde awtonom emeli aň ulgamlaryny ulanmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......