ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi oba mekdeplerinde gün energiýasyny ornaşdyrýar

  • 03.02.2026 14:50
  • 5.6k+

«Ýaşyl mekdep» bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi Nurly zaman obasyndaky 33-nji mekdepde ätiýaçlyk gün fotoelektrik ulgamyny gurnamak işlerini tamamlady.
Umumy kuwwaty 36 kWt töweregi bolan 62 sany gün panelinden, litiý batareýalaryndan we gibrid inwertorlardan ybarat bolan tehniki toplum mekdep infrastrukturasynyň energiýa garaşsyzlygyny üpjün etmäge niýetlenendir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçilmegi netijesinde 305 okuwçy we 35 işgär esasy elektrik togy kesilen ýagdaýynda-da yzygiderli yşyklandyryş, suw we gigiýena hyzmatlary bilen üpjün edilýär.
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda degişli edaralaryň we Ahal welaýat häkimliginiň wekilleri ulgamyň işi bilen tanyşdy. Olar bu taslamanyň jemgyýetçilik infrastrukturasynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyndaky ornuny belledi. Bu taslama Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasyna we 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek baradaky Milli strategiýasyna laýyk gelýär we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönüden-göni goşant goşýar.
ÝUNISEF ähli ýurt boýunça howpsuz bilim gurşawyny döretmek üçin innowasion, durnukly we howa şertlerine uýgunlaşdyrylan usullar arkaly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlylygyny tassyklaýar.


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
841

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

13.02.2026 23:10
6.8k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...